Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 3:11 - Mukaddes Kitap

11 Garşyma eden ähli pis işleri üçin, şol gün halkym utandyrylmaz. Çünki Men özüne buýsanyp, men-menlik edýänleri araňyzdan aýraryn. Siz mukaddes dagymda mundan beýläk tekepbirlik etmersiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Гаршыма эден әхли пис ишлери үчин, шол гүн халкым утандырылмаз. Чүнки Мен өзүне буйсанып, мен-менлик эдйәнлери араңыздан айрарын. Сиз мукаддес дагымда мундан бейләк текепбирлик этмерсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 3:11
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, ýatla Dawudy hem-de onuň çeken jepalaryny,


«Ýygnaň ýanyma sadyklarymy – gurbanlyk arkaly äht baglaşanlarymy».


Eý, Hudaý, eýsem Sen bizi ret edäýdiňmi? Eý, Hudaý, indi goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?


Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.


Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder,


Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz.


Ynsan peseldiler, her kes kiçeldiler, tekepbir bakyşlar peseldiler.


Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.


mukaddes dagyma getirerin, ybadat öýümde şatlandyraryn olary; ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary gurbanlyk sypamda kabul ediler; çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýip atlandyrylar».


Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz, ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz; munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz, ebedi şatlyk siziňki bolar.


«Reb şeýle diýýär: „Men Ýahudanyň tekepbirligini we Iýerusalimiň aşa gedemligini hut şonuň ýaly edip çüýrederin.


‘Bu Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy! Rebbiň ybadathanasy bu ýerde!’ diýen sözlere bil baglamaň.


Ysraýyl halky, ýurtdakylaryň ählisi Maňa mukaddes dagymda, Ysraýylyň belent dagynda gulluk eder. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Men olardan şol ýerde razy bolaryn. Men ähli mukaddes zatlaryňyz bilen birlikde sadakalaryňyzy we gymmatly sowgatlaryňyzy şol ýerde talap ederin.


«Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.


Eý, Taňry, ähli adalatly işleriňe görä, gahar-gazabyňy Öz şäheriň Iýerusalimden, mukaddes dagyňdan sow. Biziň günälerimiz we ata-babalarymyzyň ýazygy sebäpli Iýerusalim we Seniň halkyň daş-töweregimizdäki ähli halklara masgara boldy.


Men dileg edip, öz günämi we halkym Ysraýylyň günäsini boýun alyp, Hudaýymyň mukaddes dagy üçin Hudaýym Rebbiň huzurynda nalyşlarymy aýan edip durdum.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler.


Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip oýlamaň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir!


Indi bolsa sen ýahudy barada aýtmakçy: sen özüňi ýahudy saýyp, Musanyň Kanunyna bil baglaýarsyň, Hudaýy tanaýandygyňa buýsanýarsyň.


Hudaý Mukaddes Ýazgylarda olara bu daş barada aýdypdy: «Ine, Men Sionda büdreme Daşyny, ýykýan Gaýa goýýaryn; Oňa bil baglan utandyrylmaz».


Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, saýlama we gymmatbaha burç daşyny goýýaryn. Oňa bil baglan asla utandyrylmaz».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ