Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 3:10 - Mukaddes Kitap

10 Dagynyk bolup, Maňa sygynan halkym Efiopiýa derýasynyň aňry tarapyndan Maňa sadaka getirer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Дагынык болуп, Маңа сыгынан халкым Эфиопия дерясының аңры тарапындан Маңа садака гетирер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 3:10
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men nagmada Hudaýyň adyny öwjek, Ony şükürler bilen arşa çykarjak.


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Ol milletler üçin baýdak galdyrar, Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar, ýer ýüzüniň dört künjeginden, Ýahudanyň darganlaryny ýygnar.


Efiopiýa derýalarynyň aňyrsynda ganatlaryny pasyrdadýan ýurduň dat gününe!


Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Sion dagyna sowgatlar getirer.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Onsoň ýahudylaryň baştutanlary biri-birine: «Bu Adam biz tapyp bilmez ýaly, nirä gitjekkä? Grekleriň arasyna dargap giden ýahudylaryň ýanyna gidip, greklere-de öwretjekmikä?


Meniň Iýerusalimde bolmanyma ençeme ýyl boldy, indi bolsa halkymyň garyplaryna sadaka bermek üçin ol ýere geldim.


Ol hem turup, ýola düşdi. Gidip barýarka, efiopiýaly bir agta duşdy. Ol Efiopiýanyň melikesi Kandakynyň baş wezirleriniň biridi we onuň tutuş gaznasyny dolandyrýardy. Ol Iýerusalime ybadat etmäge gelip,


meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.


Isa Mesihiň resuly men Petrusdan Hudaýyň saýlanlaryna, ýagny Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitiniýa welaýatlarynda dagynyk we gelmişek bolup ýaşaýanlara dogaýy salam!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ