Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 2:8 - Mukaddes Kitap

8 «Halkymy masgaralap, olaryň ýurdunda men-menlik eden Mowabyň kemsitmelerini, Ammonlaryň sögünçlerini eşitdim».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 «Халкымы масгаралап, оларың юрдунда мен-менлик эден Мовабың кемситмелерини, Аммонларың сөгүнчлерини эшитдим».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 2:8
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gyzlaryň ulusy bir ogul dogurdy we onuň adyna Mowap dakdy. Ol häzirki mowaplaryň nesilbaşysydyr.


Gyzlaryň kiçisi-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Benamy dakdy. Ol häzirki ammonlaryň nesilbaşysydyr.


Mowap hakyndaky pygamberlik: Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy!


Mowabyň tekepbirligi, onuň hetdenaşa gedemligi, men-menligi, ulumsylygy, gazaby barada eşitdik; boş ýere öwünýär ol.


«Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Mowap hakynda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Nebonyň halyna waý! Çünki ol haraba döndi. Kirýataýym ryswa bolup, basylyp alyndy; gala masgara bolup, weýran edildi.


Reb ammonlar barada şeýle diýýär: «Ysraýylyň ogullary ýokmy? Onuň mirasdary ýokmy? Onda näme üçin Milkom Gady eýeläp, halky onuň şäherlerinde ýaşaýar?»


Ýa Reb, olaryň masgaralaýşyny eşitdiň, garşyma guran dildüwşüklerini gördüň.


«Sen bolsa, eý, ynsan ogly, pygamberlik et we masgaralaýjy sözler aýdýan ammonlar barada Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gylyç, gylyç! Öldürmek üçin gyndan çykaryldy, ýuwutsyn we ýyldyrym kimin çaksyn diýip ýiteldilip çarhlandy.


Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Men seniň Ysraýyl daglaryna: „Harabaçylyk! Bular bize iýmäge berildi!“ diýip aýdan ähli sögünçleriňi eşitdim.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Duşman siz hakda: ‘Heýjanelek! Indi gadymy belentlikler-de biziň mülkümiz boldy!’ diýýär“».


Reb şeýle diýýär: «Men ammonlary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar öz çäklerini giňeltmek üçin Gilgadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.


Reb şeýle diýýär: «Men Mowaby günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki ol Edom şasynyň süňküni ýakyp küle öwürdi.


Olaryň tekepbirligi zerarly şeýle jeza berler, çünki olar Hökmürowan Rebbiň halkyny kemsidip, olara garşy men-menlik etdiler.


Soňra Reb Ýeşuwa: «Bu gün Men sizden Müsür gulçulyk ryswasyny aýryp taşladym» diýdi. (Şol ýer häzirki güne çenli hem Gilgal diýlip atlandyrylýar).


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ