Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Rebbiň emrlerini berjaý edýän ýurduň kiçigöwünlileri, Rebbi agtaryň, dogruçyllygy we pespälligi agtaryň. Belki, Rebbiň gazap gününde gizlenip saklanarsyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Реббиң эмрлерини берҗай эдйән юрдуң кичигөвүнлилери, Ребби агтарың, догручыллыгы ве песпәллиги агтарың. Белки, Реббиң газап гүнүнде гизленип сакланарсыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 2:3
44 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut: «Çaga dirikä, agyz bekledim, agladym. Sebäbi men: „Kim bilýär, belki, Reb maňa rehim eder, çaga gutular“ diýip oýlanypdym.


Ýa Reb, halkyňa merhemet edeniňde, meni ýada sal. Seniň seçip-saýlanlaryňyň abadanlygyny görüp bilerim ýaly, halkyňyň şatlygyna şatlanyp bilerim ýaly, saýlan halkyň bilen bile magtanyp bilerim ýaly, olary halas edeniňde maňa kömek et.


Çünki Reb Öz halkyndan göwnühoş bolýar, Ol pespälleri gutulyşa besleýär.


olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň miktamy.


Eýsem söýgüsi ebedilik kesiläýdimi? Beren sözlerini hiç haçan berjaý etmezmi?


siz olara: „Bu Rebbe berilýän Pesah gurbanlygydyr. Müsürde Reb müsürlileri öldürende, ysraýyllaryň öýleriniň üstünden sowlup geçdi, biziň janymyzy aman galdyrdy“ diýip jogap beriň». Muňa ysraýyllar başlaryny egip, sežde etdiler.


Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.


Ýagşylyk etmegi öwreniň, adalaty agtaryň, ezýet çekýäni halas ediň, ýetimi goraň, dul hatyna arka duruň».


Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Men seni hökman halas ederin. Sen gylyçdan ölmersiň, Maňa bil baglandygyň üçin, sen öz janyňy gutaryp aman galarsyň“. Muny Reb aýdýandyr».


Neçün sen özüňe çendenaşa köp soraýarsyň? Sorama, çünki Men bütin adamzadyň başyndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Emma nirä gitseň-de, sylag hökmünde janyňy aman saklaryn».


Rebbiň gününde ysraýyl halkynyň söweşde berk durmagy üçin, diwaryň opurylan ýerlerini täzeden bejermediňiz.


Özüňiz üçin dogrulyk ekip, sadyk söýgi hasylyny oruň. Tarp ýeriňizi işläň. Çünki Rebbe dileg etmek wagty geldi. Ol dogrulygy üstüňize ýagdyrar.


Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Şonda-da olar öz Hudaýy Rebbe dolanmaýarlar. Barybir Ony gözlemeýärler.


Belki, Hudaý pikirini üýtgeder, gazabyndan saklanar; şeýdip, biz heläk bolmarys».


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem-de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».


Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýer ýüzüni miras alarlar.


Eý, doganlar, biz Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny size öwretdik. Siz hakykatdan hem şeýle ýaşaýarsyňyz. Indi bolsa şeýle ýaşamakda has-da ilerlemegiňizi Reb Isanyň adyndan size ündeýäris.


Hakykatdan-da, siz tutuş Makedoniýadaky ähli doganlaryňyzy söýýärsiňiz. Emma şonda-da, eý, doganlar, bu söýgiňizi mundan beýläk has-da artdyryň diýip ýalbarýarys.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Tersine, kalbyňyzdaky ýuwaş hem ýumşak ruh siziň solmaýan içki gözelligiňiz bolsun. Bu Hudaýyň nazarynda has gymmatlydyr.


Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemetinde ösüň, Ony tanamakda has-da ilerläň. Şindiden ebedä çenli Oňa şan-şöhrat bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ