Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 2:2 - Mukaddes Kitap

2 Saman külkesi dek sowrulmazyňdan öň, Rebbiň gahar-gazaby üstüňize inmezden öň, Rebbiň gazaply güni gelmezden öň toplan!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Саман күлкеси дек соврулмазыңдан өң, Реббиң гахар-газабы үстүңизе инмезден өң, Реббиң газаплы гүни гелмезден өң топлан!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 2:2
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Haçan olar ýele sowrulýan saman ýaly, tüweleý öňündäki saman çöpi ýaly boldular?


Erbetler bolsa beýle däldir, olar ýeliň sowran harpygy ýalydyr.


Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.


Milletler güýçli tolkunlaryň uwlaýşy dek uwlaşarlar, emma Ol olara käýär, daglardaky şemala uçýan çöp-çalam deý, uzaklara gaçarlar olar, tüweleýiň öňündäki togalanýan toz deý togalanarlar.


Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança, Rebbiň gahar ody ýatyşmaz. Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.


Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».


Reb gahar-gazabyny pürkdi, lowlaýan gaharyny saçdy. Siona garşy tutaşdyran ody onuň düýplerini-de ýandyrdy.


Muny Reb bolan Men aýdýandyryn we Meniň aýdan zatlarym amala-da aşar. Eý, pitneçi halk, indi bu gaýra goýulmaz, Men sözi aýdaryn we ony amala aşyraryn». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly, basym guraýan çyg ýaly, harmandan sowrulýan harpyk dek, tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.


Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.


Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň. Çünki Meniň kararym milletleri toplap, patyşalyklary bir ýere jemläp, gaharymy, lowlaýan gazabymy başlaryndan indermekdir. Gabanjaň gazabymyň ody bütin dünýäni ýakyp kül eder.


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ