Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 2:13 - Mukaddes Kitap

13 Reb demirgazyga garşy el galdyrar, Aşury ýok eder, Ninewäni harabalyga, çöl deýin ýalazy meýdana öwrer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Реб демиргазыга гаршы эл галдырар, Ашуры ёк эдер, Ниневәни харабалыга, чөл дейин ялазы мейдана өврер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 2:13
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn».


Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Aşuryň semizlerine horluk ýollar, Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar.


Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym!


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Bütin dünýä hakda edilen karar budur, ähli milletlere tarap uzan el budur.


Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öýüne gitdi. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy.


Hasor şagallaryň sürenine we ebedi harabaçylyga öwrüler. Ol ýerde-de ýeke adam galmaz, hiç bir ynsan ýaşamaz».


«Hany bol, Ninewä – ol beýik şähere git-de, onuň halkynyň günäkärdigini jar et, çünki olaryň betpälligi Maňa aýan boldy».


Olar Aşur ýurduny gylyç bilen, Nimrody alawly gylyç bilen dolandyrarlar. Serhedimizden geçip, ýurdumyza girjek bolýan aşurlylardan halas ederler bizi.


Ninewe şäheri hakyndaky pygamberlik; elkoşly Nahum özüne gelen aýanlygy ýazyp aldy.


Şol ýerde ýanyp kül bolarsyň, sen gylyçdan ölersiň, seni çekirtgäniň ekini ýalmaýşy dek ýalmar. Çekirtgelerçe köpel, teneçirlerçe örňe!


Seni görenleriň bary gaçyp, şeýle diýerler: „Ninewe haraba öwrüldi, Kim onuň ýasyny tutar?“ Saňa teselli berjekleri nireden tapaýyn?»


«Ýahuda, hatda Iýerusalime garşy el galdyraryn, Bagal hudaýynyň gullaryny gyraryn, Butparaz ruhanylary ýok ederin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ