Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Reb olaryň ýüreklerini ýarar! Ol dünýäniň ähli hudaýlaryny ýok eder, öz ýaşaýan ýurdunda her millet Rebbe sežde eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Реб оларың йүреклерини ярар! Ол дүнйәниң әхли худайларыны ёк эдер, өз яшаян юрдунда хер миллет Реббе сежде эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 2:11
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bulardan deňiz ýakasynda ýaşaýan milletler ýaýrady. Ine, Ýafesiň nesilleri şulardy. Olaryň hersi öz milletlerine görä, öz ýurtlarynda mesgen tutup, her tiräniň özüne mahsus bolan dili bardy.


Heniz agzymdan bir söz çykmanka, ýa Reb, Sen ony eýýäm doly bilýärsiň.


Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.


Eý, deňiz syýahatçylary, deňziň içindäkiler, adalar we onda ýaşaýanlar, Rebbe täze aýdym aýdyň, ýeriň aňry ujundan öwgüler aýdyň!


Ejizlemez, ruhdan düşmez ol, ýer ýüzünde adalaty berkidýänçä, adalar onuň kanunyna garaşarlar.


Eý, adalar, meni diňläň! Eý, uzakdaky halklar, gulak asyň! Ýatgydakam Reb meni çagyrdy, enemiň göwresindekäm adymy tutdy.


«Olara şeýle diý: „Gögi hem ýeri ýaratmadyk hudaýlar ýer ýüzünden we gögüň astyndan ýok bolarlar“».


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Tebes şäheriniň hudaýy Amony, faraony, Müsüri, onuň hudaýlaryny, patyşalaryny jezalandyraryn. Faraona bil baglanlary


Şundan soňra ol ünsüni kenar ýakasyndaky şäherlere tarap öwrer we olaryň köpüsini basyp alar. Ýöne bir serkerde onuň kemsitmeleriniň soňuna çykar, gopbamsylygy üçin jezasyny berer.


«Dilinden Bagal butlaryň atlaryny aýraryn, olaryň atlaryny gaýdyp tutmazlar.


Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?


«Ýahuda, hatda Iýerusalime garşy el galdyraryn, Bagal hudaýynyň gullaryny gyraryn, Butparaz ruhanylary ýok ederin.


Men şonda hemmeleriň Maňa ybadat edip, agzybirlik bilen Maňa gulluk ederleri ýaly, milletlere päk dil bererin.


Şol gün Men ýurtdan butlaryň atlaryny öçürip taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Mundan beýläk olar ýatlanylmaz. Ýalan pygamberleri-de, erbet ruhy-da ýurtdan çykararyn.


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýene-de halklar we köp şäherleriň ilaty geler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudylaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler».


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Sürüsindäki goçy sadaka aýdyp, soňra onuň ýerine Taňra maýyp-müjribi gurbanlyk berýän kezzaba nälet bolsun! Çünki Men beýik Patyşadyryn, Hökmürowan Reb diýýär. Milletler Meniň adymdan gorkýarlar».


Gurbanlyklaryň ýagyny iýen, guýlan şeraplaryny içen şol hudaýlaryňyz nirede? Goý, turup, size kömek etsin olar, bolsunlar-da siziň penakäriňiz!


Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga-dileg etmeklerini isleýärin.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ