Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 2:10 - Mukaddes Kitap

10 Olaryň tekepbirligi zerarly şeýle jeza berler, çünki olar Hökmürowan Rebbiň halkyny kemsidip, olara garşy men-menlik etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Оларың текепбирлиги зерарлы шейле җеза берлер, чүнки олар Хөкмүрован Реббиң халкыны кемсидип, олара гаршы мен-менлик этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 2:10
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi, şolar sebäpli Ol şalara käýedi.


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Sen entek hem Meniň halkyma garşy tekepbirlik edip, olaryň gitmegine rugsat etmersiň.


Mowabyň tekepbirligi, onuň hetdenaşa gedemligi, men-menligi, ulumsylygy, gazaby barada eşitdik; boş ýere öwünýär ol.


«Ysraýyl halkym üçin beren mülküme el uran ähli erbet goňşularymy ýurtlaryndan sogrup taşlaryn. Ýahuda halkyny-da olaryň arasyndan sogrup taşlaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Siz nädip: „Biz edermen hem güýçli urşujydyrys“ diýip bilýärsiňiz?


Biz Mowabyň tekepbirligi, onuň çensiz gedemligi, badyhowalygy, buýsanjaňlygy, kalbynyň ulumsylygy barada eşitdik.


Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!»


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz elleriňizi çarpyp, tans etdiňiz, Ysraýyl ýurduna bolan ýigrenjiňiz bilen ýürekden şatlandyňyz.


Kesekiler olaryň emlägini talan gününde, sen kesede durup seretdiň. Gelmişekler derwezeden girende, Iýerusalim üçin bije çekilende, sen-de olaryň biri ýaly bolduň.


Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.


«Halkymy masgaralap, olaryň ýurdunda men-menlik eden Mowabyň kemsitmelerini, Ammonlaryň sögünçlerini eşitdim».


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ