Ähli halk edil bir adam ýaly bolup, Suw derwezesiniň öňündäki meýdança ýygnandy. Onsoň olar ruhany we mürze Ezradan Reb tarapyndan Ysraýyla berlen Musanyň Töwradyny getirmegini soradylar.
«Bar, Suzadaky ähli ýahudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».
Olar özlerini bihaýa alyp baryp, nejis işler etdiler, emma muňa utanmadylar. Utanyp gyzarmagyň nämedigini bilmediler. Şonuň üçin olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda, ýer bilen ýegsan bolarlar». Muny Reb aýdýandyr.
Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de Rebbe dat-perýat ediň.
Iýerusalimiň içinde bolan Reb dogruçyldyr, Ol hiç haçan adalatsyzlyk etmez. Her gün ir säher bilen adalatly garaýar Ol Öz halkyna, Emma pis kişi pisligini edip, utanmany bilmeýär.