Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 1:5 - Mukaddes Kitap

5 Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Тамың үчегинде асман җисимлерине сежде эдйәнлери, Реббе сежде эдип, Ондан ант ичйәнлери, Молек бутундан ант ичйәнлери,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 1:5
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, ammonlaryň nejis hudaýy Milkoma sežde etdi.


Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýdi: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmady.


Olar seždegählerde özleri üçin gurbanlyk hödürlär ýaly, öz aralaryndaky dürli milletlerden bolan ruhanylary bellediler, şeýle hem olar Rebbe ybadat etdiler.


Şeýdip, olar hem Rebbe, hem aralaryndan sürgün edilen milletleriniň adatlaryna görä öz hudaýlaryna sežde etdiler.


Şeýdip, bu milletler hem Rebbe, hem oýulyp ýasalan butlaryna sežde etdiler. Ata-babalary näme eden bolsalar, ogullary-da, nesilleri-de tä şu güne çenli şolaryň edenlerini gaýtalap gelýärler.


Ýoşyýa Ýahuda patyşalary tarapyndan salnan Ahazyň ýokarky gatdaky jaýynyň üçeginde bolan gurbanlyk sypalaryny we Manaşanyň Rebbiň öýüniň iki howlusynda salan gurbanlyk sypalaryny ýykyp, olary kül-peýekun etdi. Ol gurbanlyk sypasynyň döwük böleklerini Kidron deresine taşlady.


Görnüş jülgesi barada pygamberlik: Baryňyz üçeklere çykar ýaly, size näme boldy?


Biri: „Men Rebbiňki“ diýer, beýlekisi öz adyna Ýakup dakar, ýene biri: „Rebbiňki“ diýip ýazar eline, özüni Ysraýyl diýip atlandyrar».


Öz barlygymdan ant içdim, agzymdan çykan söz dogrudyr, ol boş däldir: «Her bir dyz öňümde epiler, her bir dil Menden ant içer».


Eý, Ýakubyň nesli, gulak goý! Ysraýylyň ady bilen atlandyrylan, Ýahudanyň bilinden önen, siz, Rebden ant içýärsiňiz, ýatlaýarsyňyz Ysraýyl Hudaýyny, emma çyn ýürekden, dogrulyk bilen etmeýärsiňiz bulary.


Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.


Iýerusalimiň öýleri-de, Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri-de Topet ýaly murdar saýylar. Çünki bu öýleriň ählisiniň üçeginde asman jisimlerine ýakymly ysly tütetgiler ýakdylar, başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürlediler“».


Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar.


Reb ammonlar barada şeýle diýýär: «Ysraýylyň ogullary ýokmy? Onuň mirasdary ýokmy? Onda näme üçin Milkom Gady eýeläp, halky onuň şäherlerinde ýaşaýar?»


„Rebden ant içýärin“ diýseler-de, olar aslynda ýalan ýere ant içýärler».


«Mundan soň Men seni nädip bagyşlaýyn? Çagalaryň Meni terk etdiler, olar hudaýlaryndan ant içdiler, ýogsam olar Hudaýam däl. Olary doýranymda zyna etdiler, toparlanyşyp, lolularyň öýlerine gitdiler.


Soňra şu nejis işleri etmek üçin Meniň adym dakylan öýe gelip, huzurymda durup, ‘Biz halas bolduk!’ diýýärsiňizmi?


Siz ogurlyk edýärsiňiz, adam öldürýärsiňiz, zyna edýärsiňiz, ýalandan ant içýärsiňiz, Bagal butuna sadaka hödür edýärsiňiz, tanamaýan başga hudaýlaryňyzyň yzyna eýerýärsiňiz.


Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar.


Olaryň ýüregi ýalançylykdan doldy. Ýazyklaryna görä jeza alarlar. Reb olaryň gurbanlyk sypalaryny dargatjak, dikme daşlaryny syndyrjak.


Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.


Siz patyşaňyz Sakudy we ýyldyz hudaýyňyz Kiýuny – özüňiz üçin ýasan butlaryňyzy göterip gezdiňiz.


Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.


Ertesi gün olar ýol ýöräp, şähere golaýlanlarynda, günortan on iki töweregi Petrus Hudaýa doga etmek üçin üçege çykypdy.


Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Reb: „Öz barlygymdan ant içýärin, her kes öňümde dyz eper, her bir dil Meni alkyşlar“ diýýär».


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.


Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi.


Araňyzda galyp, ýaşap ýören bu gelmişek milletler bilen garyşmaň, olaryň hudaýlarynyň atlaryny agzamaň, olaryň adyndan ant içmäň, olara gulluk edip, sežde etmäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ