Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 1:18 - Mukaddes Kitap

18 Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Реббиң газаплы гүнүнде, алтын-күмүшлери халас эдип билмез олары. Реббиң габанҗаңлык одунда бүтин дүнйә янып күл болар, чүнки Реб ер йүзүнде яшаянларың барыны гырып ёк эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 1:18
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb «Öz ýaradan ynsanlarymy haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bilen birlikde ýer ýüzünden süpürip taşlaryn. Çünki Men olary ýaradandygyma ökünýärin» diýdi.


Ýahuda halky Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, ata-babalarynyň eden günälerinden-de has beter günä etdiler. Olar Rebbiň gabanjaňlygyny oýardylar.


Pisler peläket güni aman galýarlar, Hudaýyň gazaply gününden gutarylýarlar.


öýlerini kümüşden dolduran, altyn toplan han-begler bilen dynçlykda bolardym.


Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?


Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir, dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar.


Baýlaryň baýlygy – olaryň berk galasy, onuň hyýalynda beýik haýat kimindir.


Şonuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Ysraýylyň gudratly Hudaýy şeýle diýýär: «Ýagylarymyň üstünden gazabymy dökerin, duşmanlarymdan öç alaryn!


Ysraýylyň Nury ot, onuň Mukaddesi ýalyn bolar, ýalyn onuň tikenleridir çalylaryny bir günde ýakyp-ýandyrar.


Jeza güni, uzakdan betbagtçylyk gelende, näme ederkäňiz? Kimden kömek sorarkaňyz, nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?


Munuň üçin Men – Hökmürowan Reb şeýle diýýärin: „Ine, Men gahar-gazabymy bu ýeriň, ynsandyr haýwanlaryň, meýdandaky agaçlaryň, topragyň hasylynyň üstüne dökerin. Ol ot bolup tutaşar we söndürilmez“.


Ýurduň harabaçylyga öwrülendigi üçin, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde şatlykdyr gülki sesini, ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“».


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Men saňa zyna eden we gan döken aýallara degişli hökümler çykararyn. Öçli gahar-gazabym we gabanjaňlygym bilen seniň ganyňy akdyraryn.


Saňa garşy gabanjaňlygym oýanar. Olar saňa gazaplanyp ýowuz daraşarlar, burnuňy we gulaklaryňy kesip taşlarlar, aman galanlaryňyz gylyçdan heläk bolarlar. Ogullaryňy we gyzlaryňy alarlar, aman galanlaryňyzy ot ýakyp ýok eder.


Zulum güýjäp, heläkçilik taýagyna öwrüldi. Olardan hiç zat galmaz, olaryň bolçulygyndan, baýlygyndan zat galmaz, aralarynda şan-şöhratlylyk bolmaz.


Kümüşleri köçelere taşlanar, altynlary murdar hasaplanar. Altyn-kümüş olara günä etdirýän büdreme daşyna öwrüldi. Şonuň üçin Rebbiň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez, açlykdan gutarmaz ýa-da garynlaryny doýurmaz.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Betbagtlyk! Ine, öň görlüp-eşidilmedik betbagtlyk gelýär!


Eý, bazaryň golaýynda ýaşaýanlar, perýat ediň! Ähli söwdagärleriňiz ýok ediler, kümüş ölçeýänleriňiziň bary gyrlar.


Şol gün – gazap güni, betbagtçylyk, muşakgat güni, weýrançylyk we harabalyk güni, garaňkylyk we gam-gussa güni, bulutly we tüm garaňkylyk güni bolar.


Saman külkesi dek sowrulmazyňdan öň, Rebbiň gahar-gazaby üstüňize inmezden öň, Rebbiň gazaply güni gelmezden öň toplan!


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň. Çünki Meniň kararym milletleri toplap, patyşalyklary bir ýere jemläp, gaharymy, lowlaýan gazabymy başlaryndan indermekdir. Gabanjaň gazabymyň ody bütin dünýäni ýakyp kül eder.


Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? Ynsan öz janyna derek näme berip biler?


Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?


Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ