Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 1:17 - Mukaddes Kitap

17 Men ynsanlaryň başyna muşakgat indererin. Olar kör adam kimin ýörärler, ganlary suw deýin döküler, bedenleri ders kimin çüýrär, çünki olar Rebbe garşy günä etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Мен ынсанларың башына мушакгат индерерин. Олар көр адам кимин йөрәрлер, ганлары сув дейин дөкүлер, беденлери дерс кимин чүйрәр, чүнки олар Реббе гаршы гүнә этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 1:17
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Hudaý hoşamaý seret patyşa – galkanymyza, merhemet et Öz seçip-saýlanyňa.


Reb sizi agyr uka batyrdy, pygamberler gözleriňizi ýumdurdy, görgürler başlaryňyzy örtdi.


Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.


Çünki Reb şeýle diýýär: «Ine, bu gezek Men bu ýurduň ilatyny uzaklara taşlaryn. Görsünler diýip, üstlerine bela indererin».


«Olaryň başyndan dört hili betbagtlyk indererin: öldürmek üçin – gylyjy, düýt-müýt etmek üçin – itleri, iýip ýok etmek üçin – wagşy guşlar bilen ýyrtyjy haýwanlary ibererin. Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin çagalaryny açlyga ber, kesgir gylyja tabşyr. Aýallary perzentsiz dul galsyn, erkeklerini ajal alsyn, ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün.


Terk etdiň ýol görkezýän Hudaýyň Rebbi, inderdiň şeýdip öz başyňdan bulary.


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.


Bulary seniň başyňa getiren öz ýollaryň we işleriňdir. Bu seniň jezaň! Nähili ajy! Bu seniň ýüregiňiň törüne ýetdi».


Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar.


Günälerim boýuntyrygyma baglandy, Rebbiň Öz eli bilen işilip, meniň boýnumdan asyldy, Ol güýjümi tüketdi; Taňry meni garşy durup bilmedik duşmanlarymyň eline berdi.


Reb adyldyr, men bolsa buýrugyna garşy çykdym, emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň, meniň çekýän derdimi görüň; sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim.


Iýerusalim agyr günä etdi, şeýdip, ol gülki boldy. Öňki sylaýanlar ýalaňaçlygyny görüp, indi ony ýigrenýärler. Munuň üçin onuň özi ah çekip, hemmelerden ýüzüni gizleýär.


Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr, gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler. Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň, rehimsizlik bilen baryny gyrdyň.


Men saňa zyna eden we gan döken aýallara degişli hökümler çykararyn. Öçli gahar-gazabym we gabanjaňlygym bilen seniň ganyňy akdyraryn.


Şäheriň gany onuň ortasyndadyr; ol ony ýalaňaç gaýanyň üstüne dökdi; ony gum bilen örter ýaly ýere dökmedi.


Men hem gazabymy tutaşdyryp, öç alar ýaly onuň ganyny ýalaňaç gaýanyň üstüne dökdüm, onuň üsti örtülmez».


Müsürdäki ýaly araňyza mergi iberdim, ýaş ýigitleriňizi gylyçdan geçirdim, atlaryňyzy duşmanlaryňyza berdim. Burnuňyzy düşelgäňiziň porsy ysyndan doldurdym, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Emma ilatlaryň etmişleri sebäpli, weýran bolar ýer ýüzi.


Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi.


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Indi näme? Ysraýyl halky dogrulyga ymtylsa-da, oňa ýetip bilmedi. Oňa diňe saýlanyp-seçilenler ýetdi, galanlary bolsa öz doň ýürekleriniň ygtyýaryna tabşyryldy.


Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.


Kimde bu häsiýetler ýok bolsa, ol uzagy görýän däldir, hatda kördür, öňki günälerinden tämizlenendigini unudandyr.


Ýöne kim doganyny ýigrenýän bolsa, ol tümlükdedir. Ol tümlükde gezip, nirä barýanyny bilýän däldir, sebäbi tümlük onuň gözlerini kör edendir.


Sen: ‘Men baýdyryn, baýap, zada zar däldirin’ diýýärsiň. Aslynda welin nalajedeýin, betbagt, gedaý, kör we ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ