Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 1:16 - Mukaddes Kitap

16 Galalara we beýik diňlere hüjüm edilip, uruş surnaýy çalnyp, duýduryş beriljek gündür ol.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Галалара ве бейик диңлере хүҗүм эдилип, уруш сурнайы чалнып, дуйдурыш берилҗек гүндүр ол.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 1:16
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol gün uly surnaý çalnar; Aşur ýurdunda heläk bolanlar, Müsüre sürgün edilenler gelip, Iýerusalimdäki mukaddes dagda Rebbe ybadat ederler.


Köşk terk ediler, şowhunly şäher boş galar; galadyr gözegçi diňi harabalyga, gulanlaryň giň ýerine, sürüleriň örüsine öwrüler.


Körler kimin diwary sermeleýäris, sermeleşip gezýäris gözsüz kimin, günorta çagy alagaraňkyda mysaly büdreýäris, güýçlüleriň arasynda öli ýalydyrys.


«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.


Duşman atlarynyň horruldysy Dandan eşidilýär, bedewleriniň kişňemesinden tutuş ýer ýüzi titreýär. Olar bu ýurdy, onuň içindäki ähli zatlary, şäheri hem onda ýaşaýanlary ýok etmäge geldiler.


Nobat size ýetdi, eý, ýurduň ilaty! Wagt geldi, ol gün ýakynlaşdy. Daglarda şowhunly baýramçylyk deregine howsala güni geldi.


Gibgada şah çal, Ramada surnaý. Beýtawende söweş tebilini uruň. „Biz siziň arkaňyzda, Benýamin“ diýip, Beýtawende jar çekiň.


«Surnaýy dodagyňa ýetir. Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar. Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.


Sionda surnaý çalyň, Meniň mukaddes dagymda howpuň abanýandygyny duýduryň. Goý, ýurduň tutuş ilaty gorkudan sandyrasyn, çünki Rebbiň güni ýetip gelýär – garaňkylyk hem-de zulmat güni ol. Bulutly hem tüm garaňky gündür ol. Köp sanly hem güýçli bir leşger, daglara ýaýraýar daň şapagy deý. Owaldan bäri onuň deňi-taýy bolmandy, soňky nesillerden hem ol deýin bolmaz.


Şäherde surnaý çalnar-da, halkda gorky bolmazmy? Rebbiň Özi indermese, şähere bela gelermi?


Ol saklananda, ýer sarsdy, Ol bakanda, milletleri titretdi. Gojaman daglar kül boldy, gadymy baýyrlar baş egdi. Onuň ýollary ebedidir.


Olar Hudaýyňyz Rebbiň size beren ýerine gelip, siziň bil baglan ähli beýik we berk diwarly galalaryňyzy gabawa salarlar.


Şunlukda, olar galadaky hemme erkekdir aýallary, ýaşu-garrylary, şeýle hem mal-garalary, goýunlary, eşekleri gylyçdan geçirip bütinleý ýok etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ