Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Mal-mülkleri olja bolar, jaýlary haraba döner, jaý salynsalar-da, ýaşamazlar onuň içinde, üzüm agaçlaryny oturdarlar, emma olaryň şerabyndan içmezler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Мал-мүлклери олҗа болар, җайлары хараба дөнер, җай салынсалар-да, яшамазлар онуң ичинде, үзүм агачларыны отурдарлар, эмма оларың шерабындан ичмезлер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 1:13
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,


Ýurduň ähli ýerinde eden günäleň üçin talaňa bererin baýlygyňy we hazynaňy.


Seniň baýlygyňy we tutuş hazynalaryňy ýurduňda eden günäleriňiň tölegi hökmünde olja edip paýlaryn.


Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geldi, tutuş ýurt wes-weýran boldy, ýok boldy birdenkä çadyrlarym, bir demde perdelerim.


Arslan süreninden çykdy, milletleri heläkleýji ýola düşdi. Ýurduňyzy weýran etmek üçin, Ol mekanyndan çykdy. Şäherleriňiz ýer bilen ýegsan bolup, ilatsyz haraba döner.


Olar siziň hasylyňyzy we iýmitiňizi, ogul-gyzlaryňyzy ýuwudyp-ýalmarlar. Goýunlaryňyzdyr sygyrlaryňyzy, üzümleriňizdir injirleriňizi iýerler. Siziň bil baglaýan berk galalaryňyzy gylyç bilen weýran ederler.


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Ine, Siondan perýat eşidilýär: «Bizi, gör, nähili weýran etdiler! Gaty utanja galdyk, çünki ýurdumyzy terk etdik, öýlerimiz ýer bilen ýegsan boldy».


Şonuň üçin hem Men olaryň üstlerine gazabymy dökdüm, gahar odum bilen olary ýakyp ýok etdim. Eden işlerini öz başlaryndan inderdim». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Kümüşleri köçelere taşlanar, altynlary murdar hasaplanar. Altyn-kümüş olara günä etdirýän büdreme daşyna öwrüldi. Şonuň üçin Rebbiň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez, açlykdan gutarmaz ýa-da garynlaryny doýurmaz.


Men ony olja hökmünde gelmişekleriň eline, talaň hökmünde dünýädäki ýaramazlaryň eline bererin, ony murdar ederler.


Ysraýyllaryň öýlerini eýelär ýaly, Men milletleriň iň ýamanyny getirerin. Men güýçlüleriň tekepbirliginiň soňuna çykaryn, olaryň mukaddes ýerleri murdar bolar.


Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny zorluk bilen alanyňyz üçin, daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da, siz olarda ýaşamarsyňyz, gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da, olaryň şerabyny içmersiňiz.


Şonuň üçin hem siz sebäpli Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar.


Ekersiňiz, emma ormarsyňyz. Zeýtuny ýenjersiňiz, emma ýagyny sürtmersiňiz, üzüm sykarsyňyz, emma şerabyny içmersiňiz.


Şol gün galp hudaýlara sežde edýänleri, Öz hudaýlarynyň buthanasyny zulum hem hileden doldurýanlaryň baryny jezalandyraryn».


Bir gyza adaglanarsyňyz, emma onuň bilen başga biri ýatar. Jaý gurarsyňyz, emma onda özüňiz ýaşamarsyňyz. Üzüm agaçlaryny oturdarsyňyz, emma onuň miwesinden iýmersiňiz.


Üzüm agaçlaryny ekip, olara seredersiňiz. Emma onuň ne hasylyny ýygnarsyňyz, ne-de şerabyndan içersiňiz, çünki ony gurçuk iýer.


Siz ýok bolup gidýänçäňiz, olar mal-garalaryňyzy, ýeriňiziň hasylyny iýerler. Siz heläk bolýançaňyz, siziň ne dänäňiz, ne şerabyňyz, ne ýagyňyz, ne-de sygyrlaryňyzdyr dowarlaryňyz galar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ