Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Сепаня 1:10 - Mukaddes Kitap

10 Reb şeýle diýýär: «Şol gün Balyk derwezesinden ahy-nala, şäheriň täze böleginden dady-perýat, baýyrlardan güňleç ses eşidiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Реб шейле диййәр: «Шол гүн Балык дервезесинден ахы-нала, шәхериң тәзе бөлегинден дады-перят, байырлардан гүңлеч сес эшидилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Сепаня 1:10
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar.


Dawut galany eýeledi we ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdy. Ol Millodan başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy.


Şeýdip, Hilkiýa ruhany, Ahykam, Akbor, Şapan we Asaýa dagy Hulda atly pygamber aýalyň ýanyna gitdiler. Hulda egin-eşik sakçysy Harhasyň agtygy, Tikwanyň ogly Şallumyň aýalydy. Ol aýal Iýerusalimiň ikinji bölüminde ýaşaýardy.


Süleýman Iýerusalimde kakasy Dawuda Rebbiň görnen Moryýa dagyndaky, Dawudyň taýýarlan ýeri – ýabusly Ornanyň harmanynda Rebbiň öýüniň gurluşygyna başlady.


Şeýdip, Reb Hizkiýany hem Iýerusalim ilatyny Aşur patyşasy Sanheribiň we ähli duşmanlarynyň elinden halas edip, olary dumly-duşdan gorady.


Şondan soň, ol Gihonyň günbatarynda, deredäki Balyk derwezesindäki girelgä çenli bolan Dawut galasynyň daşky diwaryny gurdy. Manaşa diwary Ofeliň daşyndan aýlap, has beýgeltdi. Ol şeýle hem Ýahudanyň ähli galalarynda goşun serkerdelerini goýdy.


Şeýdip, Hilkiýa ruhany we patyşanyň onuň bilen iberen adamlary Hulda atly aýal pygamberiň ýanyna gelip, oňa bu barada gürrüň berdiler. Hulda eşik sakçysy Hasranyň agtygy, Tokadyň ogly Şallumyň aýalydy, ol Iýerusalimiň täze bölüminde ýaşaýardy.


Efraýym derwezesiniň üstünden Köne derwezesine, Balyk derwezesine, Hananel diňine, Ýüzler diňine we Goýun derwezesine çenli gidip, Garawul derwezesine ýetip durduk.


Hasenanyň ogullary Balyk derwezesini bina etdiler. Olar onuň pürslerini goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar.


Ählimiz aýy deý arlaýarys, gögerçin deý iňňildeýäris. Adalata garaşýarys, ýöne ol ýok; halas edilmäge garaşýarys, ýöne ol bizden uzakda.


Sidkiýanyň şalygynyň on birinji ýylynyň dördünji aýynyň dokuzy güni şäheriň diwary böwsüldi.


Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.


Her bir beýik baýryň depesindäki, ähli daglaryň başyndaky, her bir gür ýaprakly agajyň astyndaky we belent dub agajynyň astyndaky gurbanlyk sypalarynyň we butlarynyň arasynda, tütetgi hödür edilýän ähli ýerlerinde olaryň gylyçdan geçirilenleri serlip ýatanda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler. Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar. Ümsüm boluň!» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Şol gün – gazap güni, betbagtçylyk, muşakgat güni, weýrançylyk we harabalyk güni, garaňkylyk we gam-gussa güni, bulutly we tüm garaňkylyk güni bolar.


Hökmürowan Rebbiň huzurynda dym! Çünki Rebbiň güni golaýdyr, Reb gurbanlyk taýynlady, çagyranlaryny päkläp mukaddes etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ