Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rut 2:20 - Mukaddes Kitap

20 Nagomy gelnine: «Wepalylygyny ölülerden, dirilerden gaýgyrmadyk Reb bu adamy ýalkasyn! Bu adam biziň garyndaşymyzdyr, iň ýakyn hossarlarymyzyň biridir» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Нагомы гелнине: «Вепалылыгыны өлүлерден, дирилерден гайгырмадык Реб бу адамы ялкасын! Бу адам бизиң гарындашымыздыр, иң якын хоссарларымызың биридир» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rut 2:20
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut çaparlaryň üsti bilen ýabeşlilere şeýle habar ýollady: «Öz jenabyňyz Şawuly jaýlap, oňa wepalylyk görkezendigiňiz üçin, Reb sizi ýalkasyn!


Dawut: «Ýonatanyň hatyrasy üçin ýagşylyk ederim ýaly, Şawulyň neslinden galan barmyka?» diýip sorady.


Çünki men Penakärimiň diridigini, ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin.


Ýakynyň seni hemme wagt söýýändir, dogan kynçylykly pursadyň üçin doglandyr.


Eger öz garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, mülküniň bir bölegini satsa, onda onuň hossary gelip, onuň satan ýerini yzyna satyn alsyn.


Ahyrsoňy men barada ýene-de alada edip başlanyňyza Rebde örän şatlandym. Siz ozal hem alada edýärdiňiz, ýöne muny görkezmäge mümkinçiligiňiz ýokdy.


Mowaply Rut: «Ol maňa: „Ekin meýdanymda orak orulýan möwsüm doly tamamlanýança, meniň işgärlerimiň ýanynda boluber“ diýdi» diýip, bolan zatlary gaýynenesine gürrüň berdi.


Dogry, menem hossaryňdyryn welin, ýöne saňa menden-de has ýakyn bir hossaryň bar.


Aýallar Nagoma: «Rebbe alkyş bolsun! Ol bu gün seni hossarsyz goýmady. Dünýä inen bu oglanyň ady Ysraýylda uly hormata eýe bolsun!


Men muny bu ýerde oturanlaryň we halkymyň ýaşulularynyň huzurynda saňa eşitdireýin diýdim, ony sen satyn al. Eger ýere eýelik edip biljek bolsaň-a et, eýelik edip bilmejek bolsaň-da, ony aýt, men bu barada bileýin. Sebäbi onuň iň ýakyn hossary sensiň, galyberse-de, mendirin» diýdi. Ýaňky ýakyn garyndaşy: «Eýelik ederin» diýdi.


Ýaňky ýakyn hossary: «Men oňa eýe çykyp biljek däl, eger eýe çykaýsam, onda, öz mirasymy dagadaryn, ony sen alaý. Men beýle edip biljek däl» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ