Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rut 1:15 - Mukaddes Kitap

15 Nagomy oňa ýüzlenip: «Ine, seniň eltiň öz halkynyň içine, öz hudaýlaryna dolandy, senem onuň yzy bilen gidäý» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Нагомы оңа йүзленип: «Ине, сениң элтиң өз халкының ичине, өз худайларына доланды, сенем онуң ызы билен гидәй» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rut 1:15
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas pygamber Elýaşa: «Sen şu ýerde gal, çünki Reb maňa Beýtele gitmegi buýurdy» diýdi. Emma Elýaşa: «Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Şeýdip, olaryň ikisi bile tirkeşip, Beýtele gitdiler.


Gözýaş bilen ekin ekenler, heşelle kakyp, hasyl orarlar.


Rebbe bil bagla, et sen ýagşylyk, ýurtda ýaşap, ýaýna asudalykda.


Rebden ýüz öwrenleri, Rebbi agtarmaýanlary, Ondan maslahat almaýanlary bu ýerden ýok ederin».


Emma Hobap oňa: «Ýok, men gitjek däl. Men öz ýurduma, garyndaşlarymyň ýanyna gitjek» diýdi.


Olar barýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderli göründi.


Meniň dogruçyl halkym iman bilen ýaşar, eger imandan dänse, ondan razy bolmaryn».


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


Ýeşuwa halka: «Siz Rebbe gulluk edip bilmersiňiz, çünki Ol mukaddes Hudaýdyr, Ol gabanjaň Hudaýdyr. Siziň ýazyklaryňyzy ýa-da günäleriňizi bagyşlamaz.


Olar biziň aramyzdan gitdiler, aslynda-da bize degişli däldiler. Degişli bolsadylar, biziň aramyzda galardylar. Emma çykyp gitmekleri olaryň hiç biriniň bize degişli däldigini äşgär etdi.


Sen öz hudaýyň Kemoşyň özüňe beren ýeriniň üstünden eýelik edeňokmy näme? Biz hem Hudaýymyz Rebbiň biziň bähbidimiz üçin basyp alan ýerine eýelik edýäris.


Olar ýene-de ses edip aglaşdylar. Orpa gaýynenesini ogşap hoşlaşdy, emma Rut Nagoma ýapyşdy.


Emma Rut: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň – meniň halkym, seniň Hudaýyň meniň Hudaýym bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ