Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 9:30 - Mukaddes Kitap

30 Bu näme diýildigi? Hudaýyň huzurynda aklanmaga ymtylmadyk milletler iman edip, aklandylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Бу нәме дийилдиги? Худайың хузурында акланмага ымтылмадык миллетлер иман эдип, акландылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 9:30
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Erbetleriň ýoly Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllygy yzlaýany bolsa Ol halaýandyr.


Dogruçyllyk hem sadyklyk yzlaýan adam ýaşaýyş hem hormat tapar.


Reb şeýle diýýär: «Eý, dogrulygy yzarlaýanlar, eý, Rebbi agtarýanlar, Maňa gulak goýuň! Kesilip alnan gaýaňyza, gazylyp çykarylan çukuryňyza serediň.


Çünki çyn ýürekden iman edýän adam aklanar, agzy bilen ykrar edýän hem halas bolar.


Işaýa hem: «Meni agtarmaýanlar Meni tapdylar, Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim» diýip, Rebbiň sözlerini batyrgaýlyk bilen mälim edýär.


Imana daýanýan dogrulyk barada, bolsa ol şeýle diýýär: «„Ol ýere kim çykar?“, (ýagny Mesihi göklerden indirmek üçin), „Düýpsüz çukura kim iner?“, (ýagny Mesihi direltmek üçin) – diýip, öz-özüňden sorama».


Ýöne biziň bütin nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny has äşgär edýän bolsa, muňa näme diýeris? Käbir ynsanlaryň şeýle diýip soramagy mümkin: eýsem Hudaý Öz gazabyny başymyzdan inderende, biz babatda adalatsyzlyk edýärmikä?


Ybraýym sünnetlenmänkä iman etdi, sünneti bolsa iman arkaly alan aklanmasynyň möhüri hökmünde kabul etdi. Şeýdip, Ybraýym sünnetsizlikde iman edip, dogruçyl hasaplanan her bir adamyň atasy boldy.


Hudaý Ybraýyma we onuň nesline dünýäni miras bermegi wada berdi. Bu wada Ybraýyma Musanyň Kanunyny berjaý edendigi üçin däl-de, iman edip, Hudaýyň nazarynda dogruçyl hasaplanandygy üçin berildi.


Ine, şeýle imany üçin Hudaý «ony dogry hasaplady».


Eýsem bu bagtyýarlyk diňe sünnetlilere degişlimidir? Ýa-da sünnetsizlere hem degişlimikä? Ozal aýdyşymyz ýaly, Hudaý Ybraýymyň imany üçin ony dogry hasaplady.


Şeýlelikde, biz imanymyz bilen aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk.


Muňa näme diýeli? Eýsem Hudaý adalatsyzmydyr? Elbetde, ýok!


Ysraýyl halky bolsa Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanmakçy boldy, ýöne muny başarmady.


Adam Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, diňe Isa Mesihe bolan imany arkaly aklanýandyr. Muny hatda biz hem bilýäris. Şoňa görä-de, biz Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, Isa Mesihe bolan imanymyz arkaly aklanmak üçin, Oňa iman etdik. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly hiç kim aklanýan däldir.


Şunlukda, biz iman arkaly aklanyp biler ýaly, Mukaddes Kanun Mesih gelýänçä, biziň terbiýeçimiz boldy.


Hudaý Ybraýyma: «Ähli milletler sen arkaly ýalkanar» diýip, oňa ilkibaşda buşlapdy. Mukaddes Ýazgylaryň şu sözleri Hudaýyň milletleri imanlaryna görä aklajakdygyny owaldan habar beripdi.


Biz bolsa Mukaddes Ruha daýanyp, umyt baglaýan aklanmamyza iman bilen garaşýandyrys.


Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz,


Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer.


Nuh içersindäkileriň halas bolmagy üçin iman arkaly bir gämi ýasady. Ol heniz bolmadyk wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Ondan gorkup, Oňa gulak asdy. Şeýlelikde, bütin dünýä jeza sezewar boldy, Nuh bolsa imany arkaly aklandy.


Geçmişde butparazlyga uýup ýaşanyňyz ýeterlikdir. Şol döwürleri siz ahlaksyzlykda, haram keýp çekmekde, serhoşlykda, içgili keýpi-sapada we ýigrenji butparazlykda geçirdiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ