Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 9:3 - Mukaddes Kitap

3-4 Hawa, men ganybir doganlarym bolan ysraýyl halkynyň Isa Mesihden aýra düşeninden, özümiň gargyşa galyp, olaryň hatyrasyna Mesihden aýra düşmäge-de kaýyldyryn. Hudaý olary ogullyga aldy, olara Öz şan-şöhratyny aýan edip, olar bilen äht baglaşdy. Ol Kanuny we ybadathanadaky hyzmaty olara ynandy, wadalaryny hem olara berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3-4 Хава, мен ганыбир доганларым болан ысрайыл халкының Иса Месихден айра дүшенинден, өзүмиң гаргыша галып, оларың хатырасына Месихден айра дүшмәге-де кайылдырын. Худай олары огуллыга алды, олара Өз шан-шөхратыны аян эдип, олар билен әхт баглашды. Ол Кануны ве ыбадатханадакы хызматы олара ынанды, вадаларыны хем олара берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 9:3
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Laban oňa: «Sen meniň öz süýegim, öz tenimsiň» diýdi. Ýakup Labanyň öýünde bir aý ýaşandan soň,


Patyşa sandyr-sandyr edip, derwezäniň üstündäki otaga çykyp aglady. Ol gelýärkä: «Wah, oglum, Abşalom! Jan oglum! Eý, jan oglum, Abşalom! Seniň ýeriňe men ölen bolsam bolmaýarmy, wah, jan oglum, jan oglum!» diýip aglaýardy.


Çünki men halkymyň başyna geljek bela nädip çydaýyn? Garyndaşlarymyň ýok edilmegine nädip çydaýyn?»


Ýöne indi Sen bularyň günälerini geçeweri, ýogsa-da meniň adymy Öz adamlaryňyň ady ýazylan kitabyňdan öçür» diýdi.


Eý, doganlar, Ybraýymyň nesilleri! Eý, Rebbe sežde edýän keseki milletler! Halasgärimiz baradaky bu habar bize berildi.


Aýdýanlarymyň hakykatdygyny baş ruhany bilen tutuş mejlis tassyklap biler. Men hatda olardan Damaskdaky ýahudy doganlarymyzy tutmaga rugsat hatyny hem aldym. Olaryň elini-aýagyny baglap, Iýerusalime getirip, jezalandyrmak maksady bilen Damaska tarap ýola düşdüm.


Olar Pawlusa şeýle diýdiler: «Biz sen hakda Ýahudyýadan hiç bir hat almadyk, ol ýerden gelen doganlarymyzdan hem hiç kim sen barada ýagşydan-ýamandan hiç zat habar bermedi.


Bu Hoş Habar Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdadyr. Ol ynsan tebigaty boýunça Dawudyň neslindendi.


Indi şuny soraýyn: eýsem Hudaý Öz halkyny ret edäýdimikä? Elbetde, ýok! Men-de Ybraýymyň neslinden, benýamin tiresinden bolan ysraýyllaryň biridirin.


Şunuň bilen birlikde siz arkaly öz ildeşlerimiň gabanjaňlygyny oýaryp, olardan käbiriniň halas bolmagyna ýardam ederin diýen umydym bar.


Tiredeşim Hirodiýuna salam aýdyň. Narkusyň içersinden Rebbe iman edýänlere salam aýdyň.


Işdeşim Timoteos, tiredeşim Lukiý, Ýason we Sosipater dagy size salam ýollaýarlar.


Meniň bilen tussaglykda bolan tiredeşlerim Andronik bilen Ýuniýa salam aýdyň. Olar resullaryň arasynda at-abraý gazanyp, Mesihe menden öň iman edipdiler.


Şoňa görä-de, şuňa aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: Hudaýyň Ruhundan ylham alýan ynsan: «Isa Mesihe nälet bolsun!» diýmez. Mukaddes Ruh ynandyrmasa, ynsan: «Isa Rebdir!» diýip bilmez.


Kimde-kim Rebbi söýmeýän bolsa, goý, oňa nälet bolsun. Ýa Rebbimiz, gelsene!


Men size diňe ähli zadymy däl, eýsem özümi hem höwes bilen sarp ederin. Men sizi şeýle söýýärin! Onda näme üçin siz meni beýle az söýýärsiňiz?


Emma hatda biz ýa-da asmandan inen bir perişde size öň wagyz eden Hoş Habarymyzdan başga bir «hoş habary» wagyz etse, goý, näletli bolsun!


Biziň size ozal aýdanlarymyzy men ýene-de gaýtalaýaryn: kimdir biri size ozal kabul eden Hoş Habaryňyzdan başgasyny wagyz etse, goý, lagnatly bolsun!


Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr.


Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr.


Eý, gullar, ýerdäki hojaýynyňyzyň sözüne edil Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky we titreme bilen çyn ýürekden gulak asyň.


onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.


Ol gün ysraýyllarda ysgyn-mydar galmandy, çünki Şawul: «Agşama çenli, men tä duşmanlarymdan arymy alýançam, duz dadana nälet bolsun» diýip, adamlara ant içiripdi. Şonuň üçin hem goşundan bir adam hem duz datmandy.


Şawul Ýonatana: «Eger men seni öldürmesem, onda Hudaý meniň özümi öldürer, hatda ondan beterini görkezer» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ