Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 9:29 - Mukaddes Kitap

29 Işaýa hem öňden şulary aýdypdy: «Eger Hökmürowan Reb zürýatlarymyzy aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Ишая хем өңден шулары айдыпды: «Эгер Хөкмүрован Реб зүрятларымызы аман галдырмадык болсады, Содом ялы болардык, Гомора меңзәрдик».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 9:29
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Sodom baştutanlary, Rebbiň sözüni eşidiň! Eý, Gomora halky, Hudaýymyzyň kanunyna gulak goý!


Eger Hökmürowan Reb birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik.


Hudaý patyşalyklaryň iň gözeli bolan, babyllylaryň buýsanjy bolan şöhratly Babyly ýer bilen ýegsan eder Sodom hem Gomora ýaly.


halkyň ondan biri galsa-da, ýurt ýene-de ýakylar. Emma dagdan ýa-da dub çapylanda kökleriniň galyşy kimin, mukaddes nesil-de ýurtda kök kimin bolar».


Edil Sodomyň, Gomoranyň we olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly, ol ýerde ýeke adam galmaz, hiç ynsan ýaşamaz. Muny Reb aýdýandyr.


Edil Sodomyň, Gomoranyň, olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly, ol ýerde-de ýeke adam galmaz, hiç bir ynsan ýaşamaz». Muny Reb aýdýandyr.


Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir, çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr.


Çünki eziz halkymyň jezasy ynsan eli degmezden bir demde ýykylan Sodomyň jezasyndan uludyr.


Men Sodom bilen Gomorany ýumruşym ýaly, araňyzdaky köp şäherleri-de ýykyp ýumurdym. Siz otdan çykarylan kesindi mysaly bolduňyz, emma şonda-da Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Deňiz ýakasyndaky ýurduňyz çopan örülerine, süri agyllaryna döner.


„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.


Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.


Sodom we Gomora şäherlerini ýakyp-ýandyryp weýran etdi we bulary geljekde hudaýsyzlara näme boljakdygyny bilmäge sapak bolsun diýip etdi.


Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ