Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 9:22 - Mukaddes Kitap

22 Hudaý Öz gudratyny görkezmek üçin, heläkçilige doglan adamlaryň üstüne gazabyny döküp bilýär. Ýöne Ol Özüni gazaplandyrýan adamlara uly sabyr-takatlyk edýändir!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Худай Өз гудратыны гөркезмек үчин, хеләкчилиге доглан адамларың үстүне газабыны дөкүп билйәр. Йөне Ол Өзүни газапландырян адамлара улы сабыр-такатлык эдйәндир!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 9:22
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nesliňiň dördünji arkasy bu ýere dolanyp geler, çünki amorlaryň günäsi heniz jeza almak derejesine ýetenok».


Seni ähli ýollaryňda goramak üçin, perişdelerine sen babatda Ol emr eder.


Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün.


Reb ähli zady bir maksadyna döretdi, hatda erbedi hem ýaman gün üçin.


Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir, çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr.


Reb Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli Meni äsgermän gezjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, bular haçana çenli Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar?


Sen: „Men-Reb – giň göwünli, sadyk söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“ diýipdiň.


Ýamanlyklary bilen hakykaty bökdeýän adamlaryň hudaýsyzlygyna we ýamanlygyna garşy Hudaý Öz gahar-gazabyny gökden aýan edýär.


Hudaý Mukaddes Ýazgylarda Müsüriň faraonyna: «Men Öz güýjümi sende görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen seni patyşa etdim» diýip aýdypdy.


Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi?


Eýsem küýzegäriň şol bir toýundan islän gabyny: birini toý-baýramlar üçin, beýlekisini gündelik işler üçin ýasamaga haky ýokmy näme?


Uly hojalykdaky gaplaryň ählisi altyndan we kümüşden däldir. Olaryň arasynda agaçdan, toýundan ýasalanlary hem bardyr. Olaryň käbiri dabaraly, käbiri bolsa adaty maksatlar üçin ulanylýandyr.


Şeýle hem bu «büdreme daşy, ýykýan gaýa». Olar öňden bellenişi ýaly, bu söze tabyn bolmansoňlar büdreýärler.


Bu ruhlar gadym zamanda Nuhuň gämisi ýasalyp ýörkä, Hudaý heniz sabyr-takatlyk edip garaşýarka, Oňa tabyn bolmadylar. Şol gämide bolsa az adam, jemi sekiz adam suw arkaly halas boldy.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.


Şeýle hem şuny ýatda saklaň, Rebbimiz siziň halas bolmagyňyz üçin sabyr edýär. Söýgüli doganymyz Pawlus hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size bu hakda ýazypdy.


Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ