Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 9:20 - Mukaddes Kitap

20 Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Хей, адам, Худая геп гайтарар ялы, сен киммишиң? Хей-де ясалан зат өзүни ясандан: «Нәме үчин мени бейле ясадың?» дийип сорап билерми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 9:20
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa bolsa: «Seruýanyň ogullary, bu siziň işiňiz däl, ol gargaýan bolsa, diýmek, Reb oňa „Dawuda garga“ diýendir. Şeýle bolsa, onuň edenine däl diýip biljek barmy?» diýdi.


Boş sözleriňiz haçan gutarjak? Sizi dawalaşmaga mejbur edýän zat näme?


„Ynsanyň hiç bir sözüne jogap bermeýär“ diýip, näme üçin Onuň bilen jedelleşýärsiň?


Hudaýa näme etmelidigini öwreden kim? Kim Oňa: „Edeniň telek“ diýip bilýär?


«Erkek kimin biliňi berk guşa, seni sorag etjek, Maňa jogap ber.


Özüňi şan-şöhrat we belent mertebe bilen beze, şöhrat we hormat donuny geý.


Hemmesini bile topraga göm, olary gabyrda bagla.


Çünki Oňa jogap bererim ýaly, kaza bile giderimiz ýaly, Ol ynsan däl ahyryn!


Palta özüni işledýäniň ýanynda öwünermi? Byçgy özüni ulanýandan beýgeldermi özüni? Özüni göterýäni göterermi taýak? Özüni galdyrýany galdyrarmy hasa?


Siz bar zady tersine öwürýärsiňiz, küýzegär toýun bilen deň hasaplanarmy? Ýasalan zat özüni ýasana: «Ol meni ýasamady» diýermi? Şekillendirilen zat şekillendirene: «Onuň düşünjesi ýok diýermi?»


Şonda-da Atamyz Sensiň, ýa Reb, biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz.


«Eý, ysraýyl halky, Men-de sizi bu küýzegäriň ýasaýşy ýaly ýasap bilmerinmi? Muny Men-Reb aýdýandyryn. Edil küýzegäriň elinde toýun nähili bolsa, siz hem Meniň elimde şeýlesiňiz, eý, ysraýyl halky!


Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?


Öz pulumy isleýşimçe sarp etmäge ygtyýarym ýokmy? Ýa-da sen meniň sahylygyma göriplik edýärsiňmi?»


Isa oňa: «Eý, ynsan, kim Meni siziň üstüňizden kazy ýa-da häkim edip belledi?» diýdi.


Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarar ýaly sen kimmişiň?! Hyzmatkäriň özüne buýrulanlary berjaý edip-etmändigini diňe onuň hojaýyny kesgitleýändir. Ýöne hyzmatkär özüne buýrulanlary berjaý edip biler, sebäbi onuň hojaýyny Rebdir, Ol hyzmatkärini kuwwatlandyrmagy başarýandyr.


Eý, başgalary ýazgarýan ynsan! Sen kim bolsaň-da, şeýle etmäge asla hakyň ýokdur. Sen başgalary ýazgarmak bilen, öz-özüňi ýazgarýansyň. Sebäbi sen özüň-de şeýle günäli işleri edýärsiň-ä!


Sen şeýle işleri edýänleri ýazgarmak bilen, özüň-de şeýle etmeýärsiňmi näme? Heý-de şundan soň Hudaýyň höküminden syparyn öýdýärmiň?


Eýsem küýzegäriň şol bir toýundan islän gabyny: birini toý-baýramlar üçin, beýlekisini gündelik işler üçin ýasamaga haky ýokmy näme?


Hudaý Öz gudratyny görkezmek üçin, heläkçilige doglan adamlaryň üstüne gazabyny döküp bilýär. Ýöne Ol Özüni gazaplandyrýan adamlara uly sabyr-takatlyk edýändir!


Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi?


Bular zerarly pikirleri zaýalanan adamlaryň arasynda agzalalyklar ýüze çykýar. Olar hakykaty ýoýup, Hudaýyň ýörelgesi gazanç ýoludyr öýdýärler.


Uly hojalykdaky gaplaryň ählisi altyndan we kümüşden däldir. Olaryň arasynda agaçdan, toýundan ýasalanlary hem bardyr. Olaryň käbiri dabaraly, käbiri bolsa adaty maksatlar üçin ulanylýandyr.


Gullara öz hojaýynlaryna her zatda tabyn bolmagy we olaryň göwnünden turmagy ünde. Olar hojaýynlara dil gaýtarmasynlar,


Eý, akmak, amalsyz imanyň peýdasyzdygyny bileňokmy?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ