Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 9:18 - Mukaddes Kitap

18 Şeýlelikde, Hudaý islänine rehim-şepagat edýär, isläniniň ýüregini gataldýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Шейлеликде, Худай исләнине рехим-шепагат эдйәр, исләниниң йүрегини гаталдяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 9:18
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şundan soň Reb Musa: «Faraonyň ýanyna git. Olaryň arasynda gudratly alamatlarymy görkezmek üçin, Men faraony we onuň emeldarlaryny doňýürek etdim.


Emma Reb faraony ýene-de doňýürek etdi, ol ysraýyllary goýbermedi.


Emma Reb faraony doňýürek etdi, ol ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi.


Musa bilen Harun faraonyň öňünde bu gudratlaryň hemmesini ýerine ýetirdiler. Reb faraony ýene doňýürek etdi, ol ýurdundan ysraýyllary goýbermedi.


Men müsürlileri doňýürek ederin, şeýdip, olar siziň yzyňyzdan kowup gaýdarlar. Faraonyň, onuň bütin goşunynyň, söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üsti bilen Men şöhrat gazanaryn.


Men faraony doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Faraonyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler.


Reb Musa şeýle diýdi: «Müsüre, yzyňa baranyňda, Meniň saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde ähli gudratlary görkezersiň. Emma Men faraony doňýürek adam ederin, şol sebäpli hem ol ysraýyl halkyna gitmäge rugsat etmez.


Faraonyň ýüreginiň doňy entek hem çözülenokdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol heniz hem bulara gulak gabartmaýardy.


Emma Men faraony doňýürek adam ederin. Hatda Men Müsürde alamatlarymyň we gudratlarymyň sanyny köpeltsem-de,


Emma Reb faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.


Faraon ýagdaýy bilmäge adam ýollady, görse, ysraýyl mallarynyň biri hem ölmändir. Emma faraonyň ýüregi entek hem doňdy, ol halky ýene-de goýbermedi.


Ýa Reb, näme üçin bizi Öz ýollaryňdan azaşdyrýarsyň, Senden gorkmazymyz ýaly ýüreklerimizi gatadýarsyň? Öz bendeleriň hatyrasyna, Mirasyň bolan tireleriň hatyrasyna yza dolan.


«Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, aňlary bilen aňlamasynlar, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!


Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.


Çünki ysraýyllara garşy söweşmekleri üçin olaryň ýüreklerini gatadan hut Rebbiň Özüdi. Edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar olara hiç hili rehim-şepagat etmän, bütinleý ýok etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ