Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 9:11 - Mukaddes Kitap

11-12 Ýöne ekizler heniz dogulmanka, heniz ýamanlyk ýa ýagşylyk etmänkä, Hudaý Rebeka «Ulusy kiçisine gul bolar» diýip aýdypdy. Bu sözler saýlanyp-seçilmäniň ynsan işlerine däl-de, diňe Çagyrana baglydygyny mälim etmek üçin aýdylypdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11-12 Йөне экизлер хениз догулманка, хениз яманлык я ягшылык этмәнкә, Худай Ребека «Улусы кичисине гул болар» дийип айдыпды. Бу сөзлер сайланып-сечилмәниң ынсан ишлерине дәл-де, диңе Чагырана баглыдыгыны мәлим этмек үчин айдылыпды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 9:11
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň, hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.


Hökmürowan Reb ant içip, şeýle diýýär: «Nähili niýet eden bolsam, şeýle-de bolar, näme karara gelen bolsam, şol-da amala aşar.


Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin, dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin, Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.


Ýurt titräp, lerzana gelýär! Çünki Babyl ýurduny ilatsyz haraba öwürmek baradaky Rebbiň niýeti amala aşýar.


Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk.


Hiç kim ynsan tagallasy bilen halas boldum diýip öwünmesin.


Bu Hudaýyň owal-başdan bäri meýilnamasy bolup, ony Rebbimiz Isa Mesih arkaly amala aşyrdy.


Eý, doganlar! Biziň ýaýradýan Hoş Habarymyz size diňe söz bilen däl, eýsem Mukaddes Ruhuň güýji we berk ynam bilen gowuşdy. Şonda biz Hudaýyň sizi söýüp, saýlandygyna göz ýetirdik. Biz siziň araňyzda bolanymyzda nähili ýaşandygymyzy özüňiz-de bilýänsiňiz.


Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,


biz dogrulyga daýanyp eden işlerimiz arkaly däl-de, Onuň rehim-şepagaty arkaly halas edildik. Hudaý bizi Mukaddes Ruh arkaly özgerdip, gaýtadan dogluş arkaly tämizledi.


Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.


Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ