Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol.
Men bolsam damagy çalynmaga äkidilen ýuwaş bir guzy kimindim. Olaryň: «Geliň, agajy miwesi bilen ýok edeliň, mundan beýläk onuň ady ýatlanmaz ýaly, ony dirileriň ýurdundan kesip taşlalyň» diýip, meniň garşyma hile gurýandyklaryny bilmedim.
Meni bolsa, ýa Reb, Sen tanaýarsyň, meni görýärsiň, Özüň hakdaky pikirlerimi synaýarsyň. Olary soýulmaly goýun kimin çykar-da, soýuljak güni üçin taýýarla.
Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.
Onuň Mukaddes Ýazgylardan okap oturan ýeri, ine, şudy: «Soýulmaga äkidilip barýan goýun dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz guzy dek, Ol hiç agzyny açmady.
Hudaý bizi, ýagny resullary, dabaraly ýörişde iň soňky hatarda goýaýdy öýdýän. Biz märekäniň göz alnynda öldüriljekler kimin bolduk. Hawa, biz tutuş älem-jahana: perişdelere-de, ynsanlara-da tomaşa bolduk.
Hawa, ajal biziň ýakamyzdan tutandyr öýtdük. Bu ýagdaý biziň özümize däl-de, diňe Hudaýa, merhumlary direldýän Hudaýa bil baglamagymyz üçin ýüze çykypdy.
Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum.
Men Isa Mesihiň Özüni, Onuň direlişiniň güýjüni bilesim gelýär. Isa Mesihiň jebir-jepalaryna şärik bolup, Oňa Onuň ölüminde meňzäp, ölümden direlişe ýetesim gelýär.