Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 8:35 - Mukaddes Kitap

35 Biz görgüdir muşakgatlary çekýäris, yzarlanmalara, açlyga, mätäçlige duçar bolýarys, howp-hatara we ölüm howpuna sezewar edilýäris. Eýsem bularyň bary bizi Isa Mesihiň söýgüsinden aýryp bilermi? Elbetde, ýok! Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Биз гөргүдир мушакгатлары чекйәрис, ызарланмалара, ачлыга, мәтәчлиге дучар болярыс, ховп-хатара ве өлүм ховпуна сезевар эдилйәрис. Эйсем буларың бары бизи Иса Месихиң сөйгүсинден айрып билерми? Элбетде, ёк! Себәби Мукаддес Язгыларда шейле язылгыдыр:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 8:35
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ýerde guşlar höwürtgeleýär, onuň çür başynda leglek höwürtge gurýar.


Olaryň deňinden geçen dessime, köňül aşygymy tapdym men. Ony saklap, enemiň öýüne, meni dogranyň otagyna getirýänçäm, goýbermedim.


Reb uzakdan maňa görnüp, şeýle diýdi: «Men seni tükeniksiz söýgi bilen söýdüm, şeýdip, saňa sadyklygymy görkezdim.


Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz.


Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.


Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Hudaý ýamanlyk edýän her bir adama: ilki bilen ýahudylara, soňra ýahudy dällere muşakgat we hasrat berer.


Şeýlelikde, perzentleri bolan bolsak, onda mirasdüşeridiris. Hudaýyň mirasdüşerleri bolýan bolsak, onda Isa Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys. Biz Isa Mesihiň gören görgülerine şärik bolýan bolsak, onda Onuň şan-şöhratyna hem şärik bolarys.


Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris.


Biz heniz hem aç-suwsuz, eşiklerimiz sal-saldyr. Biz ýenjilýäris, öýsüz-öwzarsyz sergezdandyrys.


Biz gara der döküp, zähmet çekýäris. Bize garganlarynda, olara ýagşylyk dileýäris. Bizi yzarlanlarynda, muňa çydaýarys.


Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!


Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar.


Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys; biz çykgynsyz ýagdaýa düşýäris, ýöne ruhdan düşmeýäris;


yzarlanýarys, ýöne terk edilmeýäris; urulýarys, ýöne öldürilmeýäris.


Hawa, Hudaýyň kämilliginden dolup bileriňiz ýaly, Mesihiň aň-bilim ýeterden üstün bolan bu söýgüsine akyl ýetirip bilmegiňizi Hudaýdan dileýärin.


Atamyz Hudaý bizi söýüp, Öz merhemeti arkaly bize ebedi teselli bilen ýagşy umyt berdi. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we Atamyz Hudaý size teselli bersin, her bir ýagşy işde we sözde size güýç bersin.


Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.


Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ