Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 8:32 - Mukaddes Kitap

32 Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Худай хатда Өз Оглуны аяман, Оны бизиң гүнәлеримиз үчин өлүме табшыран болса, онда Онуң билен бирликде бейлеки затларың барыны хем эчилмезми нәме?!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 8:32
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.


Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.


Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere has-da köp ajaýyp peşgeşler bermezmi?


Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.


Sebäbi Hudaý bagyň öz şahalaryny gaýgyrmadyk bolsa, onda sizi, ýagny sapylan ýabany şahalary asla-da gaýgyrmaz.


Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyrylyp, Hudaýyň nazarynda aklanylmagymyz üçin direldildi.


Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr.


Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.


Biz bu dünýäniň ruhuny alan däldiris. Biz Hudaýyň Öz merhemeti arkaly bize eçilenlerine düşünerimiz ýaly, Hudaýyň Ruhuny alandyrys.


Bularyň bary siziň üçin edilýär. Şeýdip Hudaýyň merhemeti köpden-köp adamlara ýetip, olaryň şükürlerini artdyrar we Hudaýyň şöhratyny has-da beýgelder.


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


ynjatsalar-da, elmydama şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zadymyz bolmasa-da, ähli zada eýediris.


Biz Hudaýy däl-de, ilki Hudaý bizi söýdi. Ol biziň günälerimizi päklemek üçin, Öz Ogluny gurbanlyk hökmünde iberdi. Ine, hakyky söýgi şudur.


Ýeňen, ine, bularyň baryny miras alar. Men onuň Hudaýy bolaryn, ol hem Meniň perzendim bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ