Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 8:26 - Mukaddes Kitap

26 Mukaddes Ruh hem ejizligimizde bize kömek berýär, sebäbi biz hatda nähili we näme barada dileg etmelidigimizi hem bilmeýäris. Emma Mukaddes Ruhuň Özi söz bilen beýan edip bolmajak iňňildiler bilen biziň üçin töwella edýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Мукаддес Рух хем эҗизлигимизде бизе көмек берйәр, себәби биз хатда нәхили ве нәме барада дилег этмелидигимизи хем билмейәрис. Эмма Мукаддес Рухуң Өзи сөз билен беян эдип болмаҗак иңңилдилер билен бизиң үчин төвелла эдйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 8:26
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýa näme diýmelidigini bize öwret, sözümizi beýan edip bilmeýäris, çünki biz garaňkylykda.


Eý, Rebbiň edermen perişdeleri – Onuň buýruklaryny berjaý edýänler, Onuň aýdan sözüne tabyn bolýanlar, Rebbi alkyşlaň!


Seni ömürboýy ýagşylyklar bilen Ol razy edýär: bürgüdiňki ýaly täzelenýär seniň ýaşlygyň.


Ýa Reb, maňa merhemet eýle, çünki mende ysgyn-mydar galmady; ýa Reb, maňa ber Sen şypaňy. Çünki galpyldaýar meniň süňklerim,


Menden daşlaşyň, eý, betkärleriň bary, çünki Reb eşitdi agy sesimi.


Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun.


«Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý» diýen sözlerimi eşitdiň.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Şonda siziň özüňiz däl-de, siz arkaly Ataňyzyň Ruhy geplär.


Emma Isa: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek hasrat käsämden içip bilersiňizmi?» diýdi. Olar Isa: «Hawa, içip bileris!» diýip jogap berdiler.


Ol agyr gama batyp, yhlas bilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýan gan damjalary ýalydy.


Men Atama ýalbararyn, Ol size hemişe siziň bilen boljak başga bir Hemaýatçy,


Biz, imany güýçlüler, diňe öz göwnümizden turjak bolmaly däl-de, gaýtam, imany gowşaklaryň ejizliklerine geçirimli bolmalydyrys.


Wah, men bagtygarany diýsene! Ölüme eltýän bu bedenimden meni kim halas eder?


Hudaý bize Öz Ruhuny berdi. Ol muny gaýtadan gul bolup, gorkuda ýaşamagymyz üçin däl, eýsem Onuň perzentleri bolup, Mukaddes Ruh arkaly «Abba! Atam!» diýip çagyrmagymyz üçin amal etdi.


Biz ölmän, şol gökdäki mesgenimize şu wagt beslenmegi küýsäp, ah çekýäris.


Emma häzirlikçe bu pany çadyrymyzda bolup, hasrat çekýäris, görgi görýäris, sebäbi bu pany çadyrymyzdan dynasymyz gelenok. Tersine, Hudaýyň taýynlan mesgenine beslenip, baky ýaşaýşa ölmänkäk gowuşmagy küýseýäris.


Siz ogullyga kabul edileniňiz üçin, Hudaý Özüni «Abba!, Atam!» diýip çagyrýan Oglunyň Ruhuny biziň ýüreklerimize iberdi.


Indi Mesihiň üsti bilen biziň hemmämiz bir Ruh arkaly Atanyň huzuryna baryp bilýäris.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


Baş ruhany nadanlara, ýoldan azaşanlara ýumşak daraşmagy başarýar, sebäbi özünde hem ynsan kemçilikleri bar.


Diläniňizde-de, hiç zat almaýarsyňyz, sebäbi ýaman niýet bilen, öz nebsiňizi doýurmak üçin dileýärsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ