Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 8:24 - Mukaddes Kitap

24 Biz halas edilenimiz üçin, indi bu umydymyz bardyr. Ýöne göze görnüp duran umyt asla umyt däldir. Görüp duran zadyna umyt baglaýan barmy näme?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Биз халас эдиленимиз үчин, инди бу умыдымыз бардыр. Йөне гөзе гөрнүп дуран умыт асла умыт дәлдир. Гөрүп дуран задына умыт баглаян бармы нәме?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 8:24
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.


Reb eşidýär dogrular perýat edende, Ol olary ähli muşakgatlaryndan halas eýleýär.


Ýamanlyk erbet adamy öldürer, dogry adamy ýigrenýän höküm ediler.


Erbet öz ýamanlygyndan ýykylýar, dogruçyla bolsa ölümde hem pena garaşýar.


Rebbe bil baglan, Rebbe daýanan adam nähili bagtly!


Eý, umytly ýesirler, öz galaňyza dolanyň! Bu gün size iki esse bereket berjekdigimi jar edýän.


Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.


Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.


Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlaryň bary bize taglym öwretmek üçin ýazylandyr. Biz Mukaddes Ýazgylar arkaly sabyr-takatly bolmagy öwrenýäris, olaryň berýän tesellisi arkaly umytlydyrys.


Hudaý Ybraýyma «Seniň san-sajaksyz nesliň bolar» diýip aýdypdy. Şonuň üçin-de, Ybraýym köp milletleriň atasy bolmaga hiç umydynyň galmandygyna garamazdan, imany sebäpli umytdan düşmedi.


Isa Mesih bize Hudaýyň merhemetiniň gapysyny açyp berdi. Biz iman arkaly bu merhemete ulaşyp, berk durus we Hudaýyň şöhratyna şärik boljakdygymyza umyt baglap begenýäris.


Sebäbi ýaradylyş öz islegi boýunça däl-de, Hudaýyň islegi boýunça puçluga tabyn bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň perzentleriniň şan-şöhrata gowşan pursadynda ýaradylyş özüniň hem çüýreme näletinden azat edilip, şol şöhrata gowşaryn diýip umyt edýär.


Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt we söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir.


Biz nazarymyzy görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara dikýäris. Sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr.


Çünki biz görýän zatlarymyza görä däl-de, imana görä ýaşaýarys.


Biz bolsa Mukaddes Ruha daýanyp, umyt baglaýan aklanmamyza iman bilen garaşýandyrys.


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


Hudaý bu syryň şöhratly baýlygyny milletleriň arasynda Öz halkyna bildirmek isledi. Bu syr size şöhrata gowuşmak umydyny berip, araňyzda bolýan Isa Mesihdir.


Bu imanyňyz we söýgiňiz umydyňyzdan, hawa, gökde size garaşýan zatlara baglaýan umydyňyzdan döreýär. Siz özüňize gelip gowşan hakykat sözi bolan Hoş Habarda bu umyt barada öň eşidensiňiz.


Biz bolsa gündize degişlidiris. Hudaý bizi gazaba duçar bolmaga däl, eýsem Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas bolmaga belledi. Şoňa görä-de, egnimize iman bilen söýgini sowut hökmünde, başymyza halas bolmak umydyny tuwulga hökmünde geýip, hüşgär bolalyň.


Atamyz Hudaý bizi söýüp, Öz merhemeti arkaly bize ebedi teselli bilen ýagşy umyt berdi. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we Atamyz Hudaý size teselli bersin, her bir ýagşy işde we sözde size güýç bersin.


Iman umyt edýän zatlarymyza bil baglamak we görmeýän zatlarymyza ynanmakdyr.


Siz Mesih arkaly Hudaýa iman etdiňiz. Hudaý Mesihi direldip, Ony şöhratlandyrdy. Şeýlelikde, imanyňyz we umydyňyz Hudaýdadyr.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.


Oňa umyt baglaýan her bir adam Mesihiň päk bolşy ýaly, özüni päk saklar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ