Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 8:18 - Mukaddes Kitap

18 Meniň pikirimçe, şu wagtky görgülerimizi bize aýan boljak gelejekki şöhrat bilen deňeşdirip-de bolmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Мениң пикиримче, шу вагткы гөргүлеримизи бизе аян болҗак гелеҗекки шөхрат билен деңешдирип-де болмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 8:18
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Hudaýyň Öz perzentleriniň şöhratyny aýan etjek pursadyna bütin ýaradylyş hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar.


Mesih siziň durmuşyňyzdyr. Ol aýan bolanda, siz hem Onuň bilen bile şöhratda aýan bolarsyňyz.


Ol Rebbimiz Isa Mesihiň şöhratyna şärik bolup bileriňiz ýaly, wagyz edýän Hoş Habarymyz arkaly sizi bulara çagyrdy.


Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys.


Aýallar ölen ýakynlaryny direlen halda yzyna aldylar. Käbirleri bolsa direlişden soň has oňat ýaşaýşa gowuşmak üçin, azat bolmakdan ýüz öwrüp, jebir-süteme döz geldiler.


Şonuň üçin hem ähli pikirleriňizi bir ýere jemläp, hüşgär boluň. Isa Mesihiň gelmegi bilen özüňize beriljek merhemete uly umyt baglaň.


Tersine, Mesihiň çeken ejirlerine şärik bolýan ýaly şatlanyň. Onuň şöhraty aýan bolanda, şatlygyňyzyň çägi bolmaz.


Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin:


Mähribanlarym, biz indi Hudaýyň perzentleridiris. Biziň nähili özgerjekdigimiz entek belli däl, emma Mesihiň geljek pursadynda Oňa meňzejekdigimizi bilýäris, sebäbi Ony bolşy ýaly göreris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ