Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 8:15 - Mukaddes Kitap

15 Hudaý bize Öz Ruhuny berdi. Ol muny gaýtadan gul bolup, gorkuda ýaşamagymyz üçin däl, eýsem Onuň perzentleri bolup, Mukaddes Ruh arkaly «Abba! Atam!» diýip çagyrmagymyz üçin amal etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Худай бизе Өз Рухуны берди. Ол муны гайтадан гул болуп, горкуда яшамагымыз үчин дәл, эйсем Онуң перзентлери болуп, Мукаддес Рух аркалы «Абба! Атам!» дийип чагырмагымыз үчин амал этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 8:15
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Musa: «Bize sen geple, biz eşideris, ýöne, goý, Hudaý bize geplemesin, ýogsam, biz öleris» diýdiler.


öýümde, diwarlarymyň içinde ogul-gyzlaryňkydan-da zyýada hatyra hem at bererin; olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin.


Sizi çagalarymyň arasynda ornaşdyryp, size gözel ýurdy – ähli milletleriň iň ajaýyp mirasyny bermekçidim. Siz Meni Atam diýip çagyrarsyňyz, Menden ýüz öwürmersiňiz öýtdüm.


Ysraýyllar Musa: «Onda biziň işimiz gaýdypdyr! Biziň barymyz heläk bolarys!


Şonuň üçin men gorkdum, gidip, beren bir çuwal puluňy ýere gömüp gizledim, ine, puluňy al!“ diýýär.


Ol: «Abba, Atam, Sen hemme zady başarýarsyň. Bu hasrat käsesini Menden sowa geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn» diýdi.


Isa olara Hudaýa doga okanyňyzda şeýle diýiň: «Eý, Atamyz, adyň mukaddes bolsun! Patyşalygyň gelsin!


«Eý, Atam! Eger isleseň, bu hasrat käsesini Menden sowa geçir! Ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn!» diýip, dileg etmäge durdy.


Ol Isany görende, gygyryp goýberdi. Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen: «Eý, Isa, Beýik Hudaýyň Ogly! Meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, meni gynama» diýdi.


Onsoň ähli gerasalylar we şol sebitiň ilaty Isadan öz ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olary uly gorky gaplap alypdy. Isa hem gaýyga münüp, yzyna gaýtdy.


Hemaýatçy gelen wagty dünýäniň günä, adalat we höküm babatda nähakdygyny subut eder.


Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi.


Baş gözegçi çyra getirdip, içeri kürsäp girdi. Ol sandyrap baryp, Pawlus bilen Silasyň aýagyna ýykyldy.


Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar.


Mukaddes Ruh biziň ruhumyz bilen birlikde Hudaýyň perzentleridigimize güwä geçýär.


Diňe bir ýaradylyş däl, eýsem gelejekdäki şöhratyň kepili hökmünde Mukaddes Ruhy alan biz hem ahy-nala çekýäris. Sebäbi biz özümiziň ogullyga alnyp, bedenimiziň çüýremeden azat edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.


Mukaddes Ruh hem ejizligimizde bize kömek berýär, sebäbi biz hatda nähili we näme barada dileg etmelidigimizi hem bilmeýäris. Emma Mukaddes Ruhuň Özi söz bilen beýan edip bolmajak iňňildiler bilen biziň üçin töwella edýär.


Biz bu dünýäniň ruhuny alan däldiris. Biz Hudaýyň Öz merhemeti arkaly bize eçilenlerine düşünerimiz ýaly, Hudaýyň Ruhuny alandyrys.


Çünki kimdir biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edende, siz oňa geçirimlilik edýäňiz-ä! Wah, siz kabul eden Mukaddes Ruhuňyzdan başga bir ruhy ýa-da başga «hoş habary» kabul etmäge-de taýýar ahyryn!


Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar.


Isa Mesih bizi azat etmek üçin boşatdy. Şonuň üçin-de berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň.


Ol Isa Mesih arkaly bizi ogullyga almak barada owaldan karara gelipdi. Bu Onuň göwnüne ýarap, yradasy bilen boldy.


sebäbi Hudaý bizi gorkak etmeýär. Ol bizi güýç, söýgi we özerklilik bilen doldurýar.


ömürboýy ölüm gorkusynyň gulçulygyndaky ynsanlaryň hemmesini azat etdi.


Sen Hudaýyň ýeke-täkdigine ynanýarsyň. Gowy edýärsiň! Muňa hatda arwah-jynlar hem ynanýarlar we galpyldaýarlar.


Söýgüde gorky ýokdur. Tersine, kämil söýgi gorkyny kowup çykarýandyr. Kim kyýamat gününden gorkup ýaşaýan bolsa, onuň söýgüsi kämil däldir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ