Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.
Çünki ynsan höweslerine görä ýaşaýanlar bu höwesleriň oňlaýan zatlary barada pikir edýärler. Mukaddes Ruha görä ýaşaýanlar bolsa Onuň oňlaýan zatlary barada pikir edýändir.
Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir.
Atamyz Hudaýyň bizi nähili güýçli söýýändigini bir görseňizläň! Ol bizi Öz perzentleri diýip atlandyrýar. Dogrudan-da, biz Onuň perzentleridiris! Dünýä Hudaýy tanamansoň, bizi-de tanamaýar.
Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr. Hudaýyň biziň bilen ýaşaýandygyny Onuň her birimize beren Ruhundan bilýäris.