Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 7:7 - Mukaddes Kitap

7 Onda näme, Musanyň Kanuny erbet bir zatmy? Elbetde, ýok! Ýöne bu Kanun bolmadyk bolsa, men günäniň nämedigini-de bilmezdim. Kanun: «Başganyň zadyna göz dikme» diýip buýurmadyk bolsa, men munuň günädigini hem bilmezdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Онда нәме, Мусаның Кануны эрбет бир затмы? Элбетде, ёк! Йөне бу Канун болмадык болса, мен гүнәниң нәмедигини-де билмездим. Канун: «Башганың задына гөз дикме» дийип буюрмадык болса, мен мунуң гүнәдигини хем билмездим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 7:7
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.


Bir gün agşamara Dawut düşeginden turup, köşgüň üçegine çykdy-da, gezim etmäge başlady. Şol wagt suwa düşünip duran bir aýala onuň gözi düşdi. Aýal diýseň görmegeýdi.


Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme».


Gözüne ýakan ekin meýdanlaryny zorluk bilen alýarlar, islän öýlerini eýeleýärler; birini öýünden, ýene birini bolsa mirasyndan mahrum edýärler.


Emma Men welin kim başga aýala azgyn höwes bilen baksa, öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir diýýärin.


Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi.


Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer». Halk muny eşidip: «Daş edewersin!» diýdi.


Men hiç kimiň puluna ýa-da egin-eşigine göz dikmedim.


Çünki «Zyna etme, adam öldürme, ogurlyk etme, başganyň zadyna göz dikme» diýen we başga buýruklaryň bary «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen buýrukda jemlenendir.


Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.


Ýöne biziň bütin nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny has äşgär edýän bolsa, muňa näme diýeris? Käbir ynsanlaryň şeýle diýip soramagy mümkin: eýsem Hudaý Öz gazabyny başymyzdan inderende, biz babatda adalatsyzlyk edýärmikä?


Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, atamyz Ybraýym babatda näme aýdyp bileris?


Sebäbi bu Kanunyň bozulmagy Hudaýy gazaplandyrýar. Emma Kanunyň bolmadyk ýerinde Kanuny bozmaklyk-da ýokdur.


Günäniň mese-mälim bolmagy üçin, Kanun ara girdi. Ýöne adamlar günäni köpden-köp etdigisaýy, Hudaýyň merhemeti has-da artdy.


Indi näme? Biz indi Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýarynda diýip, günä edibermelimi? Elbetde, ýok!


Sebäbi günä Kanunyň buýrugyny tutaryk edinip, meni aldawa saldy-da, ol arkaly öldürdi.


Onda näme, oňat zat meniň ölmegime sebäp bolaýdymy? Elbetde, ýok! Meni oňat buýruklar arkaly günä öldürdi. Günäniň hakyky tebigaty hut şeýle aýan bolmalydy. Şeýdip, günäniň näderejede erbetdigi äşgär boldy.


Biz ynsan tebigatymyza görä ýaşaýarkak, bu Kanun biziň beden agzalarymyzda günäli höwesleri oýarýardy. Bu höwesler bizi günäli işlere imrindirip, ölüme eltýärdi.


Günä bolsa bu buýrukdan öz bähbidini arap, meni her tüýsli açgözlüge imrindirdi. Kanunyň bolmadyk ýerinde günä ölüdir.


Günä – bu ölümiň zäherli neşderidir. Kanun bolsa günäniň güýç-kuwwatydyr.


Araňyzda azgynlyk, haramlyk, açgözlük edýän bolmasyn. Beýle zatlar Hudaýyň halkyna gelişmeýär.


Başga kişiniň aýalyna göz dikme. Başga biriniň öýüne, ýerine, gul-gyrnagyna ýa öküzine, eşegine, oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme“.


Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.


Hudaýy tanamaýan milletler ýaly öz bedeniňizi haram keýpe bermäň;


Çünki kanun hiç bir zady kämilleşdirmedi. Indi munuň deregine bizi Hudaýa ýakynlaşdyrýan has oňat bir umyt berildi.


Men olja alnan zatlaryň arasyndan owadan Şingar donuny, bäş gadak kümüş hem-de agramy bir ýarym gadak bolan altyn tokgasyny görenimde, gözüm gidip, olary ogurladym. Aşagyna kümüş goýup, men olary çadyrymyň içinde ýere gömdüm» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ