Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 7:5 - Mukaddes Kitap

5 Biz ynsan tebigatymyza görä ýaşaýarkak, bu Kanun biziň beden agzalarymyzda günäli höwesleri oýarýardy. Bu höwesler bizi günäli işlere imrindirip, ölüme eltýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Биз ынсан тебигатымыза гөрә яшаяркак, бу Канун бизиң беден агзаларымызда гүнәли хөвеслери оярярды. Бу хөвеслер бизи гүнәли ишлере имриндирип, өлүме элтйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 7:5
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr.


Bedenden doglan bedendir, Mukaddes Ruhdan doglan ruhdur.


Hawa, olar hakykaty ret edensoňlar, Hudaý olary özleriniň wejera höweslerine tabşyrdy. Hatda aýallar hem tebigy jyns gatnaşygyny ret etdiler. Olar tebigy bolmadyk jyns gatnaşyklara ýüz urup, biri-birleri bilen ýatyp turýarlar.


Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.


Sebäbi bu Kanunyň bozulmagy Hudaýy gazaplandyrýar. Emma Kanunyň bolmadyk ýerinde Kanuny bozmaklyk-da ýokdur.


Günäniň mese-mälim bolmagy üçin, Kanun ara girdi. Ýöne adamlar günäni köpden-köp etdigisaýy, Hudaýyň merhemeti has-da artdy.


Beden agzalaryňyzy ýamanlyk guraly hökmünde günäniň ygtyýaryna tabşyrmaň. Tersine, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň. Goý, bedeniňiziň her bir agzasy Hudaýyň dogrulyk guraly bolsun.


Siziň ynsan ejizligiňizi nazara alyp, size sada sözler bilen aýdýaryn: siz ozal beden agzalaryňyzy haramlyga we gitdigisaýy artýan bikanunlyga tabşyrypdyňyz. Indi bolsa beden agzalaryňyzy halal ýaşaýşa eltýän dogrulyga tabşyryň.


Ozal eden işleriňizden, ýagny şindi utanýan işleriňizden näme bähbit gördüňiz? Şeýle işleriň soňy ölümdir.


Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr.


bedenimiň şol ýörelgä ýykgyn edýändigini görýärin. Bu ýörelge meniň aňymdaky ýörelgä garşy göreşip, bedenimdäki günä ýörelgesine meni ýesir edýär.


Günä – bu ölümiň zäherli neşderidir. Kanun bolsa günäniň güýç-kuwwatydyr.


Biz bu dünýäde ýaşasak-da, onuň ýörelgeleri boýunça söweşmeýäris.


Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr.


Isa Mesihe degişli bolanlar öz ynsan höweslerini we joşgunlaryny haça çüýländirler.


Şonuň üçin, eý, asly ýahudy däller! Öňki ýagdaýyňyzy ýadyňyza salyň. Birwagtlar özlerine «sünnetliler» diýýän ýahudylar sizi «sünnetsizler» diýip atlandyrýardylar. Emma olaryň agzaýan sünneti beden bilen bagly ýönekeýje bir adatdyr.


Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk.


Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


Onsoň höwes göwreli bolup, günäni dogurýar, günä hem ýetişip, ölümi dogurýandyr.


Araňyzdaky çaknyşykly gowgalar we dawa-jenjeller nireden döreýär? Kalbyňyzda söweş edýän pis höwesleriňizden dälmi?


Günä edýän adam Hudaýyň kanunyny bozýandyr. Sebäbi günä etmek Hudaýa baş galdyrmak ahyry.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ