Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 7:25 - Mukaddes Kitap

25 Hudaýa şükür! Ol bizi Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas etdi! Şunlukda, aňym bilen Hudaýyň Kanunyna gulluk etsem-de, ynsan tebigatyma görä günä kanunynyň guludyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Худая шүкүр! Ол бизи Реббимиз Иса Месих аркалы халас этди! Шунлукда, аңым билен Худайың Канунына гуллук этсем-де, ынсан тебигатыма гөрә гүнә канунының гулудырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 7:25
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Şatlykdan gygyryň, eý, gökler! Eý, zemin, begen! Aýdyma gygyryşyň, eý, daglar! Reb Öz halkyna teselli berdi, ejir çekýänlere rehim eder.


Ýesirlere: „Çykyň“, garaňkydakylara: „Görnüň“ diýersiň. Olar ýol boýlarynda otlarlar, takyr depelerde öri taparlar.


Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.


Şonda günä size öz hökümini ýöretmez, sebäbi siz Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýaryndasyňyz.


Hawa, siz günäniň guludyňyz, ýöne Hudaýa şükür, kabul eden taglymatyňyza ýürekden tabyn bolduňyz,


Sebäbi ýaşaýyş berýän Mukaddes Ruh meni Isa Mesih arkaly günäniň we ölümiň ygtyýaryndan azat etdi.


Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňiş berdi.


Hudaýyň şeýle ajaýyp peşgeşi üçin Oňa şükürler bolsun!


Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ