Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 7:23 - Mukaddes Kitap

23 bedenimiň şol ýörelgä ýykgyn edýändigini görýärin. Bu ýörelge meniň aňymdaky ýörelgä garşy göreşip, bedenimdäki günä ýörelgesine meni ýesir edýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 беденимиң шол йөрелгә йыкгын эдйәндигини гөрйәрин. Бу йөрелге мениң аңымдакы йөрелгә гаршы гөрешип, беденимдәки гүнә йөрелгесине мени есир эдйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 7:23
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Reb, maňa tizräk jogap beräý-dä! Meniň ruhum ysgyndan düşýär! Gabra inýänlere meňzemez ýaly, menden gizleme Sen Öz ýüzüňi.


Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.


Beden agzalaryňyzy ýamanlyk guraly hökmünde günäniň ygtyýaryna tabşyrmaň. Tersine, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň. Goý, bedeniňiziň her bir agzasy Hudaýyň dogrulyk guraly bolsun.


Siziň ynsan ejizligiňizi nazara alyp, size sada sözler bilen aýdýaryn: siz ozal beden agzalaryňyzy haramlyga we gitdigisaýy artýan bikanunlyga tabşyrypdyňyz. Indi bolsa beden agzalaryňyzy halal ýaşaýşa eltýän dogrulyga tabşyryň.


Biz Musanyň Kanunynyň Hudaý tarapyndan berlendigini bilýäris. Men bolsa günäniň ýesirligindäki bir ejiz ynsandyryn.


Şeýlelikde, men durmuşda şeýle ýörelgäniň bardygyny bildim: oňat işi etmekçi bolan badyma, mende ýamanlyk häzir bolýar.


Hudaýa şükür! Ol bizi Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas etdi! Şunlukda, aňym bilen Hudaýyň Kanunyna gulluk etsem-de, ynsan tebigatyma görä günä kanunynyň guludyryn.


Biz ynsan tebigatymyza görä ýaşaýarkak, bu Kanun biziň beden agzalarymyzda günäli höwesleri oýarýardy. Bu höwesler bizi günäli işlere imrindirip, ölüme eltýärdi.


Sebäbi ýaşaýyş berýän Mukaddes Ruh meni Isa Mesih arkaly günäniň we ölümiň ygtyýaryndan azat etdi.


Çünki ynsan höwesleri Mukaddes Ruha garşydyr; Mukaddes Ruh hem ynsan höweslerine garşydyr. Olar biri-biri bilen hiç oňuşmaýarlar. Şonuň üçin-de, siz öz islän zadyňyzy edip bilmeýärsiňiz.


Günä garşy alyp barýan söweşiňizde, siz entek ganyňyz dökülýänçä garşylyk görkezmediňiz.


Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir.


Araňyzdaky çaknyşykly gowgalar we dawa-jenjeller nireden döreýär? Kalbyňyzda söweş edýän pis höwesleriňizden dälmi?


Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ