Ýok, köňli ýahudy bolan adam hakyky ýahudydyr. Kanuna görä däl-de, Mukaddes Ruha görä bolan sünnet hakyky sünnetdir. Hakyky ýahudynyň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.
Ine, ol günlerden soň Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. Muny Reb aýdýandyr.