Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 7:15 - Mukaddes Kitap

15 Men öz edýänlerime özüm düşünemok, sebäbi halaýan zadymy etmän, ýigrenýän zadymy edýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Мен өз эдйәнлериме өзүм дүшүнемок, себәби халаян задымы этмән, йигренйән задымы эдйәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 7:15
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Saňa garşy günä etseler, – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse,


Çünki Reb dogrularyň ýoluny gözden salmaýar, erbetleriň ýoly bolsa heläkçilige uçradýar.


Kyn günümde menden ýüzüňi sowma, gulak goý maňa, çagyran günümde maňa tizräk jogap bersene.


Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder.


Hudaýa diýiň: «Eý, Hudaý, işleriň neneň haýbatly! Kuwwatyňyň beýikliginden ýaňa duşmanlaryň Saňa boýun bolýarlar.


Dogruçyl ýalan sözi ýigrenýär, erbet bolsa ryswalyk getirýär.


Rebden gorkmak ýamanlygy ýigrenmekdir. Men tekepbirligi hem ulumsylygy, ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin.


Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.


Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň, kazyýetde adalaty berkarar ediň. Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.


Reb ýagşydyr, betbagtlyk gününde halkyna penadyr; Ol Öz penasyndakylary goraýandyr.


Şeýtmek bilen, siz atalaryňyzyň edenlerini tassyklaýarsyňyz. Hawa, pygamberleri atalaryňyz öldürdi, siz hem olaryň guburlaryny dikýärsiňiz.


Mundan beýläk Men size gul diýmerin, sebäbi gul hojaýynynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýýärin, sebäbi Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym.


Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn. Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.


Iýip-içmeklik baradaky ynançlaryňy diňe özüň we Hudaý bilsin. Öz ynanjyna görä hereket edip, öz-özüni ýazgarmaýan adam bagtlydyr.


Eger men ýigrenýän zadymy edýän bolsam, onda bu Kanunyň oňatdygy bilen ylalaşýaryn.


Çünki ynsan höwesleri Mukaddes Ruha garşydyr; Mukaddes Ruh hem ynsan höweslerine garşydyr. Olar biri-biri bilen hiç oňuşmaýarlar. Şonuň üçin-de, siz öz islän zadyňyzy edip bilmeýärsiňiz.


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi. Şonuň üçin Men Hudaý, Seniň Hudaýyň, Seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýladym, başyňa şatlyk ýagyny guýdum».


Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir.


Başgalary gelejekki jeza odundan halas ediň. Käbirlerine bolsa, Hudaýdan gorkmak bilen rehim ediň, ýöne hüşgär boluň, olaryň durmuşyny harama öwren günäni ýigreniň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ