Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 7:14 - Mukaddes Kitap

14 Biz Musanyň Kanunynyň Hudaý tarapyndan berlendigini bilýäris. Men bolsa günäniň ýesirligindäki bir ejiz ynsandyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Биз Мусаның Канунының Худай тарапындан берлендигини билйәрис. Мен болса гүнәниң есирлигиндәки бир эҗиз ынсандырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 7:14
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Geliň, ony ysmaýyllara satalyň, goý, ol biziň elimizden jebir çekmesin, ol biziň doganymyzdyr, öz süýegimizdir» diýdi. Doganlary Ýahuda gulak asdylar.


Şol arada midýanlar Ýusuby Müsürde faraonyň janpenalarynyň baştutany Potypara satdylar.


Çünki men ýewreýleriň ýurdundan ogurlanyp getirildim, hatda şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim».


Ahap Ylýasa: «Hä, duşmanym meni ahyry tapdyňmy?» diýdi. Ylýas oňa: «Hawa, men seni tapdym, çünki sen Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmäge ýüz urduň!


(Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmekde Ahapdan ozduran adam bolmandy. Ol bu pis işleri aýaly Izebeliň itergisi bilen etdi.


Olar ogullaryny we gyzlaryny otdan geçirdiler, palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullandylar. Olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işlere baş urup, Onuň gaharyny getirdiler.


Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».


Eý, hileli dil, sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!


Eger ogry gije öý ýarýan pursady tutulsa we urlup öldürilse, ony öldüren adam ganhor hasaplanmaýar. Emma bu gündiz bolup geçse, onda ony öldüren adam ganhor hasaplanýar.


Men adam bolardan samsyk, ynsan düşünjesi mende ýok.


Hudaýyň her bir sözi sap hakykatdyr. Ol Özüne sygynýanlara galkandyr.


Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.


Reb şeýle diýýär: «Siz mugt satyldyňyz, yzyňyza pul tölenmän alnarsyňyz».


Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».


Emma deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir.


Emma ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agarsa, ol deri keselli adam ruhanynyň ýanyna gelsin.


Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin.


Reb şeýle diýýär: «Men Ysraýyly günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar dogruçyly kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satýarlar.


Emma Isa Petrusa tarap öwrülip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa böwet bolýarsyň, sebäbi Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýdi.


Ol bergisini berip bilmänsoň, hojaýyny oňa özüni, aýalyny, çagalaryny we ähli mallaryny satyp, bergisini bermegi buýurýar.


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Emma Men welin kim başga aýala azgyn höwes bilen baksa, öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir diýýärin.


Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi.


Şeýlelikde, Isa olar bilen gitdi. Olar ýüzbaşynyň öýüne ýakynlaşanlarynda, ýüzbaşy dostlaryndan Oňa şeýle habar iberdi: «Agam, azara galma, sebäbi Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl.


Onda näme, biz ýahudylar beýleki milletlerden artykmy? Asla artyk däldiris! Ýahudylaryň-da, başga milletleriň-de günäniň tussaglygyndadygy barada öň aýdypdyk ahyryn.


Biz mundan beýläk günäniň guly bolmaz ýaly, köne tebigatymyzyň Isa Mesih bilen haça çüýlenendigini bilýäris. Biz indi günäniň boýuntyrygyndan boşandyk.


Mende, hawa, ynsan tebigatymda oňat zadyň ýokdugyny anyk bilýärin. Sebäbi oňat işleri etmäge islegim bolsa-da, olary amal etmegi başarmaýaryn.


Biz hem çaga ýaly bolanymyzda, bu dünýäniň esasy ýörelgeleriniň guludyk.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň.


Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ