Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 7:11 - Mukaddes Kitap

11 Sebäbi günä Kanunyň buýrugyny tutaryk edinip, meni aldawa saldy-da, ol arkaly öldürdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Себәби гүнә Кануның буйругыны тутарык эдинип, мени алдава салды-да, ол аркалы өлдүрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 7:11
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýymyz Reb aýaldan: «Bu näme etdigiň boldy?!» diýip sorady. Aýal: «Ýylan maňa aldap iýdirdi» diýdi.


Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.


Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler?


Düşen howpuň we tekepbir ýüregiň seni aldawa saldy. Eý, gaýanyň jaýrygynda ýaşaýan, belent depeleriň çür başyny eýelän! Sen höwürtgäňi bürgüt kimin belent uçutlarda gursaň-da, Men seni ol ýerden aşak düşürerin. Muny Reb aýdýandyr.


Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.


Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.


Onda näme, oňat zat meniň ölmegime sebäp bolaýdymy? Elbetde, ýok! Meni oňat buýruklar arkaly günä öldürdi. Günäniň hakyky tebigaty hut şeýle aýan bolmalydy. Şeýdip, günäniň näderejede erbetdigi äşgär boldy.


Günä bolsa bu buýrukdan öz bähbidini arap, meni her tüýsli açgözlüge imrindirdi. Kanunyň bolmadyk ýerinde günä ölüdir.


Öň öwredilişi ýaly, öňki durmuşyňyzy, ýalançy höwesler bilen ýoldan çykaran köne ýaradylyşyňyzy çykaryp taşlaň.


Tersine, her güni «Bu gün» diýip hasaplap, biri-biriňizi ruhlandyryň. Şeýdip, siziň hiç biriňiz günäniň toruna düşüp, doňýürek bolmaň.


Hudaýyň sözüni ýöne bir diňläp goýman, eýsem, onda aýdylanlary ýerine ýetiriň, ýogsam siz özüňizi aldaýansyňyz.


Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ