Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, olar Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“ diýýärler. Emma danalyk öz amallary bilen tassyklanar».
Eý, doganlarym, siz babatda hem şeýledir. Siz Isa Mesihiň haçdaky ölümi arkaly Musanyň Kanuny üçin ölüsiňiz. Hudaýa ýagşy işleriňiziň hasylyny getirer ýaly, siz indi başga Birine, ýagny ölümden direlen Isa Mesihe degişlisiňiz.
Şunlukda, Mesihiň dünýäde ejir çekişi ýaly, siz hem şeýle pikirler bilen ýaraglanyp, muňa taýýar boluň. Sebäbi Mesih üçin ejir çekmäge taýyn bolsaňyz, günä etmekden ýüz öwrensiňiz.