Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 6:4 - Mukaddes Kitap

4 Hawa, biz suwa çümdüriliş arkaly Mesih bilen ölüp, jaýlandyk. Şoňa görä-de, Atanyň şöhratly gudraty arkaly Mesihiň ölümden direlişi ýaly, biz hem täze ýaşaýşa eýe bolup bileris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Хава, биз сува чүмдүрилиш аркалы Месих билен өлүп, җайландык. Шоңа гөрә-де, Атаның шөхратлы гудраты аркалы Месихиң өлүмден дирелиши ялы, биз хем тәзе яшайша эе болуп билерис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 6:4
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa oňa: «Eger iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmänmidim?» diýdi.


Bu Isanyň ilkinji görkezen gudratly alamatydy. Ol muny Jeliläniň Kana şäherinde görkezip, Öz şöhratyny aýan etdi. Muny gören şägirtleri Oňa iman etdiler.


Emma Hudaý Ony direldip, ölüm jebrinden halas etdi. Onuň ölüm penjesinde galmagy mümkin däldi.


Hudaý Isany ölümden direltdi, biziň hemmämiz muňa şaýatdyrys.


Siziň ynsan ejizligiňizi nazara alyp, size sada sözler bilen aýdýaryn: siz ozal beden agzalaryňyzy haramlyga we gitdigisaýy artýan bikanunlyga tabşyrypdyňyz. Indi bolsa beden agzalaryňyzy halal ýaşaýşa eltýän dogrulyga tabşyryň.


Ýa-da siz suwa çümdüriliş arkaly Isa Mesih bilen birigip, indi Onuň ölümine şärik bolýandygymyzy bilmeýäňizmi?


Eger biz Mesih bilen ölen bolsak, onda Onuň bilen ýaşajakdygymyza hem ynanýarys.


Biz Mesihiň ölümden direlip, asla ölmejekdigini, ölümiň indi Oňa öz hökümini ýöredip bilmeýändigini bilýäris.


Emma biz özümizi tussaglykda saklan Kanun babatda ölüp, ondan azat edildik. Biz indi Kanuna tabyn bolan köne ýörelgä görä däl-de, eýsem Mukaddes Ruha eýerýän täze ýörelgä görä Hudaýa hyzmat edip bileris.


Eger Isa Mesihi ölümden Direldeniň Ruhy kalbyňyzda ýaşaýan bolsa, onda Ol kalbyňyzda ýaşaýan Öz Ruhy arkaly Isa Mesihi direldişi ýaly, siziň-de pany teniňizi ölümden direlder.


Hudaý Öz güýji arkaly Reb Isany direltdi. Ol bizi hem direlder.


Isa Mesih ejizlikde haça çüýlenen bolsa-da, indi Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýandyr. Biz hem Mesihiň ejizligine şärik bolmak bilen, siziň ugruňyzda Hudaýyň gudraty arkaly Mesihiň ýaşaýşyna hem şärikdiris.


Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!


Şonuň üçin Rebbiň adyndan size şuny buýurýaryn: mundan beýläk keseki milletler ýaly boş düşünjeler bilen ýaşamaň.


Ýadyňyzdamy, birwagtlar siz garaňkylykdyňyz, ýöne indi Reb arkaly nursuňyz. Şonuň üçin nuruň çagalary bolup ýaşaň.


Indi Ýaradanyň keşbine meňzemekde we Ony tanamakda täze ýaradylyşa besleniň.


Eý, hojaýynlar, gullaryňyz babatda adyllygy, deňligi berjaý ediň, sebäbi özüňiziň hem gökde Hojaýynyňyzyň bardygyny bilýänsiňiz.


Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.


«Men Hudaýa sygynyp ýaşaýaryn» diýýän adam Isa Mesihiň ýaşaýşy ýaly ýaşamalydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ