Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 6:2 - Mukaddes Kitap

2 Elbetde, ýok! Biz günä babatda öldük ahyryn. Onsoň neneň edip günä içinde ýaşap bileris?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Элбетде, ёк! Биз гүнә бабатда өлдүк ахырын. Онсоң ненең эдип гүнә ичинде яшап билерис?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 6:2
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu hojalykda meniň ygtyýarym onuňkydan ýokarydyr. Ol hojalygyň senden başga ähli zadyny maňa ynandy, çünki sen onuň aýalysyň. Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!»


Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer». Halk muny eşidip: «Daş edewersin!» diýdi.


Mundan başga-da, biz Hudaýyň Rebbimiz Isa Mesih arkaly eden işlerine begenýäris, sebäbi Ol bizi Hudaý bilen ýaraşdyrdy.


Indi näme? Biz indi Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýarynda diýip, günä edibermelimi? Elbetde, ýok!


Eý, doganlarym, siz babatda hem şeýledir. Siz Isa Mesihiň haçdaky ölümi arkaly Musanyň Kanuny üçin ölüsiňiz. Hudaýa ýagşy işleriňiziň hasylyny getirer ýaly, siz indi başga Birine, ýagny ölümden direlen Isa Mesihe degişlisiňiz.


Emma biz özümizi tussaglykda saklan Kanun babatda ölüp, ondan azat edildik. Biz indi Kanuna tabyn bolan köne ýörelgä görä däl-de, eýsem Mukaddes Ruha eýerýän täze ýörelgä görä Hudaýa hyzmat edip bileris.


Mukaddes Kanunyň özi meni ölüme höküm etdi. Şoňa görä-de, men Mukaddes Kanun üçin öli bolup, indi onuň gözegçiliginde däldirin. Men indi Hudaý üçin ýaşaýandyryn. Men Mesih bilen haça çüýlendim:


Men bolsa Rebbimiz Isa Mesihiň haçyndan başga zat babatda asla magtanasym gelmeýär. Şu haç arkaly men bu dünýä üçin, bu dünýä-de meniň üçin ölüdir.


Siz Mesih bilen ölüp, bu pany dünýäniň ýörelgelerinden azat bolduňyz. Onda näme üçin henizem bu dünýä degişli ýaly, «Muňa galtaşma», «Muny iýme», «Muňa el degirme» diýen ynsan kadalaryna eýerýärsiňiz?


Çünki siz ölensiňiz, durmuşyňyz bolsa Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir.


Gulak asyjy çagalar deý boluň, ozalky nadan döwrüňizdäki höwesleriňize eýermäň.


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Hudaýyň perzendi günä etmegini dowam etmez, sebäbi oňa Hudaýyň ýaşaýyş berýän güýji ornandyr. Indi günä etmez, sebäbi ol Hudaýyň perzendidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ