Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 6:16 - Mukaddes Kitap

16 Eýsem siz özüňizi kimiň tabynlygyna tabşyrsaňyz, şonuň-da guluna öwrülýändigiňizi bilmeýäňizmi näme? Siz nämäniň guly: ölüme eltýän günäniň gulumy ýa-da dogrulyga eltýän tabynlygyň guly?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Эйсем сиз өзүңизи кимиң табынлыгына табшырсаңыз, шонуң-да гулуна өврүлйәндигиңизи билмейәңизми нәме? Сиз нәмәниң гулы: өлүме элтйән гүнәниң гулумы я-да догрулыга элтйән табынлыгың гулы?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 6:16
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň näme? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!»


Olara-da: «Siz hem üzümçilige gidiň, hakyňyzy doly tölärin» diýýär. Olar hem gidýärler.


Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Men size dogrusyny aýdýaryn, günä edýän kişi günäniň guludyr.


Hudaý Özüniň ezelden saýlap-seçen halkyny ret edenok. Ýa-da Mukaddes Ýazgylarda Ylýas pygamber barada ýazylanlar ýadyňyzda dälmi? Ol Hudaýa ysraýyl halky barada arz edip, şeýle diýýär:


Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.


Hawa, siz günäniň guludyňyz, ýöne Hudaýa şükür, kabul eden taglymatyňyza ýürekden tabyn bolduňyz,


Eýsem siz özüňiziň Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, araňyzda Hudaýyň Ruhunyň ýaşaýandygyny bilmeýärsiňizmi?


Siziň buýsanmagyňyz ýerlikli däldir. Eýsem siz ujypsyzja hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadýandygyny bilmeýärsiňizmi?


Siz Hudaýyň halkynyň bu dünýä kazylyk etjekdigini bilmeýärsiňizmi? Eger siz dünýä kazylyk etjek bolsaňyz, heý-de ownuk-uşak dawalary çözüp bilmersiňizmi?


Eýsem siz biziň hatda perişdelere-de kazylyk etjekdigimizi bilmeýärsiňizmi? Gündelik durmuşyň işleri barada gürrüň-de ýok!


Eýsem siz ýamanlyk edýänleriň Hudaýyň Şalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Öz-özüňizi aldamaň! Ne azgynlar, ne-de butparazlar, ne zynahorlar, ne-de erkekbazlar, ne beçebazlar,


Ybadathanada hyzmat edýänler öz iýjegini ybadathanadan alýarlar. Gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler-de gurbanlyk sadakalaryndan paý alýarlar. Bulary özüňizem bilýänsiňiz.


Ýaryşa gatnaşýan ýüwrükleriň hemmesi ylgasa-da, baýragy diňe biri alýandyr. Siz-de baýrak alar ýaly şeýle ylgaň.


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


Özleri azgynlygyň guly bolubam, olara erkinligi wada berýärler, sebäbi adam nämeden ýeňilse, onuň guly bolýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ