Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 6:12 - Mukaddes Kitap

12 Siz pany teniňiziň günäli höweslerine eýermez ýaly, günäniň öz teniňize höküm sürmegine ýol bermäň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Сиз паны тениңизиң гүнәли хөвеслерине эермез ялы, гүнәниң өз тениңизе хөкүм сүрмегине ёл бермәң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 6:12
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger sen dogry iş etseň, kabul edilmezmiň näme? Eger sen nädogry iş etseň, günä bosagada peýläp ýatandyr; günäniň seniň üstüňden höküm süresi geler. Ýöne sen günäniň üstünden agalyk etmelisiň!»


Eger bir adamyň saçy düşen bolsa, ol takyr kelledir, emma tämizdir.


Emma ysraýyllar ýerli ilaty kowup çykarmasalar, onda ol ýerde galanlar ysraýyllaryň gözlerine dürtülen iňňe, böwürlerine sanjylan tiken ýaly bolarlar. Ýaşajak ýurtlarynda olar ysraýyllary ezerler.


Ynsan höwesleriňizi nädip kanagatlandyrarkam diýip oýlanmaň-da, gaýtam, Rebbimiz Isa Mesihe besleniň.


Şahsy bähbidini araýanlar, hakykaty ret edip, ýamanlyga eýerýänler bolsa gahar-gazaba duçar bolarlar.


Ozal günä hökmürowanlyk sürüp, hemmeleriň ömür tanapyny gyrýardy. Indi welin Hudaýyň merhemeti hökmürowanlyk sürýär. Şoňa görä-de, biz aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly baky ýaşaýşa eýe bolduk.


Şonda günä size öz hökümini ýöretmez, sebäbi siz Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýaryndasyňyz.


Eýsem siz özüňizi kimiň tabynlygyna tabşyrsaňyz, şonuň-da guluna öwrülýändigiňizi bilmeýäňizmi näme? Siz nämäniň guly: ölüme eltýän günäniň gulumy ýa-da dogrulyga eltýän tabynlygyň guly?


Eger Isa Mesihi ölümden Direldeniň Ruhy kalbyňyzda ýaşaýan bolsa, onda Ol kalbyňyzda ýaşaýan Öz Ruhy arkaly Isa Mesihi direldişi ýaly, siziň-de pany teniňizi ölümden direlder.


Eger siz ynsan höwesleriniň talaplaryna görä ýaşasaňyz, ölersiňiz. Emma ynsan höwesleriniň ýaman işlerini Mukaddes Ruhuň güýji arkaly ýok etseňiz, ýaşarsyňyz.


Biziň pany bedenimizde Isa Mesihiň ýaşaýşy aýan bolsun diýip, bizi, ýagny dirileri elmydama Onuň hatyrasyna ölüme tabşyrýarlar.


Emma häzirlikçe bu pany çadyrymyzda bolup, hasrat çekýäris, görgi görýäris, sebäbi bu pany çadyrymyzdan dynasymyz gelenok. Tersine, Hudaýyň taýynlan mesgenine beslenip, baky ýaşaýşa ölmänkäk gowuşmagy küýseýäris.


Size şuny aýdasym gelýär: Mukaddes Ruhuň ýörelgesinden ýöräň. Şonda siz ynsan höweslerine eýermersiňiz.


Isa Mesihe degişli bolanlar öz ynsan höweslerini we joşgunlaryny haça çüýländirler.


Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk.


Öň öwredilişi ýaly, öňki durmuşyňyzy, ýalançy höwesler bilen ýoldan çykaran köne ýaradylyşyňyzy çykaryp taşlaň.


Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berende, siz olary dargadyp, bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Olar bilen äht baglaşmaň we olara rehimdarlyk etmäň.


Hudaýy tanamaýan milletler ýaly öz bedeniňizi haram keýpe bermäň;


Ýaşlyk höweslerinden gaç. Päk ýürekden Rebbe ybadat edýänler bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk ýörelgelerine eýer.


Bu merhemet bize hudaýsyzlygy we dünýewi höwesleri ret etmegi öwredýär, bu döwürde özümize erk etmegi, dogry ýaşamagy, Hudaýyň ýörelgesine eýermegi ündeýär.


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


Gulak asyjy çagalar deý boluň, ozalky nadan döwrüňizdäki höwesleriňize eýermäň.


Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.


Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.


Olar size: «Dünýäniň ahyrky günlerinde öz ten höweslerini kanagatlandyrýan ýaňsylaýjylar peýda bolar» diýipdiler.


Şonuň üçin hem indi Men size şuny aýdýaryn: Men olary siziň öňüňizden kowmaryn. Olar size duşman bolarlar, olaryň hudaýlary size duzak bolarlar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ