Diňe bir ýaradylyş däl, eýsem gelejekdäki şöhratyň kepili hökmünde Mukaddes Ruhy alan biz hem ahy-nala çekýäris. Sebäbi biz özümiziň ogullyga alnyp, bedenimiziň çüýremeden azat edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Mundan başga-da, ol ýygnaklar tarapyndan saýlanyp, hemaýat kömegini Iýerusalime äkitmek üçin bize ýoldaş bellendi. Biziň bu haýyrly işimiz Rebbi şöhratlandyryp, ýardam etmekdäki yhlasymyzy görkezýändir.