Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 5:18 - Mukaddes Kitap

18 Şeýlelikde, bir adamyň günäsi zerarly hemmeleriň höküme duçar bolşy ýaly, bir Adamyň dogrulygy arkaly-da hemmelere ýaşaýyş berýän aklanma geldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Шейлеликде, бир адамың гүнәси зерарлы хеммелериң хөкүме дучар болшы ялы, бир Адамың догрулыгы аркалы-да хеммелере яшайыш берйән акланма гелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 5:18
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.


Ýahýa Nur barada şaýatlyk etmäge we öz şaýatlygy arkaly hemmeleri ynandyrmaga geldi.


Ýerden ýokary göterilenimde, Men ähli ynsanlary Özüme çekerin» diýip jogap berdi.


Olar Ýahýanyň ýanyna gelip: «Eý, mugallym, Iordanyň beýleki tarapynda sen bir Adam barada şaýatlyk edipdiň, ine, şol Adam halky suwa çümdürýär. Hemmeler Onuň ýanyna barýarlar» diýdiler.


Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär.


Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyrylyp, Hudaýyň nazarynda aklanylmagymyz üçin direldildi.


Bir ynsan, ýagny Adam ata zerarly günä dünýä aralaşdy, günä bolsa ölümiň gelmegine sebäp boldy. Ynsanlaryň ählisi günäli bolany üçin, ölüm olaryň üstünden höküm sürüp başlady.


Emma Hudaýyň peşgeş beren merhemetini Adam atanyň günäsi bilen deňeşdirip-de bolmaz! Çünki bir adamyň günäsi köpleri ölüme duçar etdi; başga bir Adamyň, ýagny Isa Mesihiň merhemeti arkaly bolsa köpler Hudaýyň bu peşgeşini boldan-bol aldy.


Bir adamyň bitabynlygy arkaly köp adamyň günäkär bolşy ýaly, bir Adamyň tabynlygy arkaly köp adam dogruçyl bolar.


Şonda günä size öz hökümini ýöretmez, sebäbi siz Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýaryndasyňyz.


Adam atanyň nesilleriniň ählisi ölýär. Şunuň ýaly, Isa Mesihe degişli bolanlaryň-da ählisi ýaşaýşa gowşar.


Emma biz şöhrat we hormat täjiniň Isa geýdirilendigini görýäris, sebäbi Ol biziň üçin ölüme döz geldi. Hawa, Ol perişdelerden biraz wagtlyk pes tutulyp, Hudaýyň merhemeti bilen ähli ynsanlar üçin jebir çekip öldi.


Isa Mesihiň guly we resuly men Simun Petrusdan Hudaýymyz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziň imanymyz ýaly gymmatly imana eýe bolanlara dogaýy salam!


Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz, çünki Isa Mesih size Mukaddes Ruhy berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ