Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 5:15 - Mukaddes Kitap

15 Emma Hudaýyň peşgeş beren merhemetini Adam atanyň günäsi bilen deňeşdirip-de bolmaz! Çünki bir adamyň günäsi köpleri ölüme duçar etdi; başga bir Adamyň, ýagny Isa Mesihiň merhemeti arkaly bolsa köpler Hudaýyň bu peşgeşini boldan-bol aldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Эмма Худайың пешгеш берен мерхеметини Адам атаның гүнәси билен деңешдирип-де болмаз! Чүнки бир адамың гүнәси көплери өлүме дучар этди; башга бир Адамың, ягны Иса Месихиң мерхемети аркалы болса көплер Худайың бу пешгешини болдан-бол алды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 5:15
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.


Topragyň astynda ýatanlaryň köpüsi oýanar: olaryň kimsi ebedi ýaşaýşa gowşar, kimsi ebedi utanja we ýigrenje duçar bolar.


Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.


Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir.


Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.


Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi.


Ýok! Biz özümiziň hem, olaryň hem Rebbimiz Isanyň merhemeti bilen halas bolýandygymyza ynanýarys».


Bir ynsan, ýagny Adam ata zerarly günä dünýä aralaşdy, günä bolsa ölümiň gelmegine sebäp boldy. Ynsanlaryň ählisi günäli bolany üçin, ölüm olaryň üstünden höküm sürüp başlady.


Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr.


Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär.


Hudaýyň şeýle ajaýyp peşgeşi üçin Oňa şükürler bolsun!


Çünki siz iman arkaly Hudaýyň merhemeti bilen halas edildiňiz. Bu siziň öz tagallaňyz bilen bolmady, muny size Hudaý peşgeş berdi.


Emma biz şöhrat we hormat täjiniň Isa geýdirilendigini görýäris, sebäbi Ol biziň üçin ölüme döz geldi. Hawa, Ol perişdelerden biraz wagtlyk pes tutulyp, Hudaýyň merhemeti bilen ähli ynsanlar üçin jebir çekip öldi.


Ol biziň üçin gurban boldy. Hudaý Ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlady.


Hudaýyň şaýatlygy, ine, şundan ybarat: Hudaý bize baky ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýşy Öz Ogly arkaly berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ