Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 5:12 - Mukaddes Kitap

12 Bir ynsan, ýagny Adam ata zerarly günä dünýä aralaşdy, günä bolsa ölümiň gelmegine sebäp boldy. Ynsanlaryň ählisi günäli bolany üçin, ölüm olaryň üstünden höküm sürüp başlady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Бир ынсан, ягны Адам ата зерарлы гүнә дүнйә аралашды, гүнә болса өлүмиң гелмегине себәп болды. Ынсанларың әхлиси гүнәли боланы үчин, өлүм оларың үстүнден хөкүм сүрүп башлады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 5:12
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň».


Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň».


Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.


Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň, hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.


Ine, her bir diri jan Meniňkidir. Atalaryň jany-da, ogullaryň jany-da Meniňkidir; diňe günä eden jan öler.


sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular.


Şeýlelikde, bir adamyň günäsi zerarly hemmeleriň höküme duçar bolşy ýaly, bir Adamyň dogrulygy arkaly-da hemmelere ýaşaýyş berýän aklanma geldi.


Bir adamyň bitabynlygy arkaly köp adamyň günäkär bolşy ýaly, bir Adamyň tabynlygy arkaly köp adam dogruçyl bolar.


Ozal günä hökmürowanlyk sürüp, hemmeleriň ömür tanapyny gyrýardy. Indi welin Hudaýyň merhemeti hökmürowanlyk sürýär. Şoňa görä-de, biz aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly baky ýaşaýşa eýe bolduk.


Ozal eden işleriňizden, ýagny şindi utanýan işleriňizden näme bähbit gördüňiz? Şeýle işleriň soňy ölümdir.


Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr.


Günä – bu ölümiň zäherli neşderidir. Kanun bolsa günäniň güýç-kuwwatydyr.


Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk.


Onsoň höwes göwreli bolup, günäni dogurýar, günä hem ýetişip, ölümi dogurýandyr.


Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ