Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Rimliler 5:11 - Mukaddes Kitap

11 Mundan başga-da, biz Hudaýyň Rebbimiz Isa Mesih arkaly eden işlerine begenýäris, sebäbi Ol bizi Hudaý bilen ýaraşdyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Мундан башга-да, биз Худайың Реббимиз Иса Месих аркалы эден ишлерине бегенйәрис, себәби Ол бизи Худай билен ярашдырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Rimliler 5:11
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol buýurdy: çekirtgeler, san-sajaksyz ganat baglamadyk çekirtgeler hüjüm eýledi.


Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn! Sion perzentleri Şasyna, goý, begensin!


Emma ebedidir Reb maslahaty, Onuň ýürek pikirleri – nesillerboýy.


Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen, ýeňşi gazanmadylar gollary bilen – Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny; çünki Sen juda söýdüň olary.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Merýem şeýle diýdi: «Janym Rebbi beýgeldýär,


Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi.


Hawa, Hudaý ysraýyl halkyny ret etdi. Onuň şeýle etmegi beýleki milletleriň hem Hudaý bilen ýaraşmagyna mümkinçilik berdi. Eger Hudaýyň ret etmesi beýleki halklara şeýle ýalkanyş getiren bolsa, onda Onuň ysraýyl halkyny gaýtadan kabul etmegi nämä ýetirer? Ölümden ýaşaýşa ýetirer!


Indi bolsa sen ýahudy barada aýtmakçy: sen özüňi ýahudy saýyp, Musanyň Kanunyna bil baglaýarsyň, Hudaýy tanaýandygyňa buýsanýarsyň.


Şeýlelikde, biz imanymyz bilen aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk.


Çünki duşmankak Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, onda Onuň ömri arkaly halas ediljegimiz hem gürrüňsizdir.


Diňe muňa däl, eýsem muşakgatlarymyza hem begenýäris, sebäbi muşakgatlaryň çydamy,


Diňe bir ýaradylyş däl, eýsem gelejekdäki şöhratyň kepili hökmünde Mukaddes Ruhy alan biz hem ahy-nala çekýäris. Sebäbi biz özümiziň ogullyga alnyp, bedenimiziň çüýremeden azat edilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.


Mundan başga-da, Rebekanyň ekizleri Ysaw bilen Ýakuby ýatlaly. Olaryň ikisi-de bir atadan, ýagny atamyz Yshakdan doglupdy.


Eýsem biz şükür edip, şükür käsesinden içenimizde, Mesihiň ganyna şärik bolmaýarysmy? Çöregi bölüp iýenimizde, Mesihiň bedenine şärik bolmaýarysmy?


Mundan başga-da, ol ýygnaklar tarapyndan saýlanyp, hemaýat kömegini Iýerusalime äkitmek üçin bize ýoldaş bellendi. Biziň bu haýyrly işimiz Rebbi şöhratlandyryp, ýardam etmekdäki yhlasymyzy görkezýändir.


Indi bolsa siz Hudaýy tanaýarsyňyz, dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýansyňyz. Şundan soň siz nädip şol ejiz we ýaramaz ýörelgelere dolanýarsyňyz?! Ýa-da gaýtadan olaryň guly bolmak isleýärsiňizmi?


Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,


Şunlukda, eý, doganlarym, goý, şatlygyňyzyň gözbaşy Reb bolsun! Size şindi ýazýanymy gaýta-gaýta ýazmak maňa kyn däl. Bu sizi goramak üçindir:


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň!


Şeýlelikde, Isa Mesihi Rebbiňiz hökmünde kabul edişiňiz ýaly, Onuň görkezen ýoly bilen ýöräň.


Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.


Onsoň Hanna Rebbe dileg etdi: «Reb kalbymy şatlyga besledi, Reb bilime kuwwat berdi. Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan! Duşmanlarymyň üstünden gülýän.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ